Gül Diýara täze taryh ýaraşýar

3 Iýul 2024
330

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny, ösüşiň täze belentliklerine eýe bolýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary esasynda amala aşyrylýan tutumly işler döwrüň beýik galkynyşyny, ruhy joşgunyny emele getirýär.

Gözümiziň guwanjy, kalbymyzyň buýsanjy bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri, onuň dowamynda bolup geçen taryhy wakalar halk bilen döwletiň bitewi jebislige öwrülendigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen baýramçylyk maslahatynyň dowamynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy. Asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle hem teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy taryhy pursatlaryň biri boldy. Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna degişli binalary we desgalary gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu bolsa ajaýyp şäheriň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirer.

«Daşoguz habarlary».