Arzuwlaryň wysala gol beren güni

19 Iýun 2024
453

Şahyr: «Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler, belli-belli günler üçin ýaşalýar» diýýär. Şeýle günleriň biri, megerem, arzuwlan hünäriň boýunça ýokary bilim alyp, zähmet ýoluňa gadam basan günüň bolsa gerek. Elbetde, şol arzyly hem arzuwly gün her bir ynsanyň aňyna däl, eýsem, ýüregine-de örklenýär.

2024-nji ýyl. Ynha, bu ýylam, gör, nijeme ynsanlaryň durmuşynda süýji ýatlamalar bilen ýatlanar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip, wagt «hä» diýmän geçip dur. Ýaňy ýalydy, olaryň Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplygyna kabul edilendiklerine begenip, göwün guşlarynyň göge uçuşy. Ynha, bu gün bolsa, baýramçylyk lybasly, eginlerinde goşa ýyldyz lowurdap buran serhetçi ýigitlerimiz serkerdelik ýoluna gadam basýarlar. Tolgundyryjy pursatlar! Biri-birine uly üstünlikleri arzuwlaýan ýigitleriň deň-duşlaryna: «Saglygyňy isleýän, ýoldaş leýtenant!» diýip, begenç bilen harbylarça salam berip duruşlaryny göreniňde, olaryň ýüreklerinde hünärine bolan söýginiň pürepürdigine gözli şaýat bolýarsyň. Ho-ol, uzakdan perzentlerine buýsanyp, olaryň şatlygyna goşulýan mähribanlaryň ýüzlerinde bolsa ýylgyryş, şatlyk. Goý, bu şatlykly günüň begenji hemişe olaryň ýollaryna şugla bersin!

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.