"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ar­ka­dag şä­he­ri hal­ka­ra baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, «World Smart City Expo» at­ly hal­ka­ra ser­gä gat­naş­mak hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len du­şuş­mak we de­giş­li za­wod­la­ryň iş­le­ri bi­len ýe­rin­de ta­nyş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ag­za­la­ry myh­man­la­ry Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi bö­lü­mi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň «akyl­ly» şä­he­ri 3 sa­ny baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

Yn­san­per­werlik kö­me­gi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ky­my­zyň dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men-ow­gan ser­he­din­de Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat — Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, elekt­rik, ulag we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li, döw­let Baştu­ta­ny­my­zyň Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na goň­şy Ow­ga­nys­ta­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ril­me­gi hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 ­Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy.

Wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň nus­ga­lyk mek­de­bi

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gün­sa­ýyn tä­ze ösüş­ler bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar. 1991-nji ýyl­da Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ala­ny­myz­dan soň, ýur­du­myz­da dür­li maksatly bi­na­lar açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Wa­tan go­rag­çy­la­ry­myz bo­lan har­by gul­luk­çy­la­ryň, har­by ta­lyp­la­ryň we har­by mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry­nyň gul­luk, okuw we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler mu­nuň aý­dyň şa­ýa­dy­dyr.

Ge­ňeş­li bi­çi­len don gys­ga bol­maz

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Pe­der­le­ri­mi­ziň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­nyp, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň, kü­müş saç­ly ene­le­ri­mi­ziň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň, röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň gat­naş­mak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa­sy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Hal­ky­myz­da uly­ny sy­la­mak, ola­ra sa­la sal­mak döw­let­li­lik sa­ýyl­ýar. «Ge­ňeş­li biçilen don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li sa­la­mat bo­lar», «Ýe­di öl­çäp, bir kes» diý­len na­kyl­lar türk­men hal­ky­nyň her bir işi mas­la­hat­ly ed­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem­le­nip, mas­la­hat et­mek, bi­rek-bi­re­ge sa­la sal­mak il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň ag­zy­bir­lik bi­len çö­zül­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

­«Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň tä­ze sa­ny oky­jy­la­ra go­wuş­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky «Arkadag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň 20-nji sa­ny çap­dan çyk­dy. Elekt­ron ne­şi­riň ýu­bi­leý sa­ny onuň şu ýyl­da­ky se­ki­zin­ji sa­ny­na ga­bat gel­di.

Sport ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri hal­ka­ra fo­rum­da

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my hem-de ugur­daş ser­gi, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­hat, «HI-TECH Türk­me­nis­tan — 2024» at­ly ser­gi ge­çi­ril­ýär.

Döwür bilen beýgelýän şanly sport

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ma­wy tol­kun­ly Ha­za­ryň gö­zel ke­na­ry­ny jä­hek­läp otu­ran Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösüş ýo­ly şöh­rat­ly hem-de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra baý­dyr we bu ýe­ňiş-üs­tün­lik­li ýol hä­zi­rem şeý­le ru­hu­be­lent­lik­de do­wam et­di­ril­ýär.

Ynam­ly ýeň­iş

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Dün­ýä­niň çem­pio­ny! Bu jüm­le­de, gör, ne­neň­si joş­gun­ly, hy­juw­ly gö­reş ru­hy, gi­je-gün­diz­ çe­kil­ýän yh­las­ly zäh­me­tiň dat­ly mi­we­si jem­len­ýär. Wa­ta­ny­myz, hal­ky­myz, Gah­ry­man Arkadagy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz sa­ňa be­lent ynam bil­dir­se­ler, sen hem bu mu­kad­des yna­my ödäp, ýa­ryş­la­ryň, çem­pio­nat­la­ryň be­lent mün­be­rin­de ýe­ňi­ji­niň or­nu­na çyk­saň, çar tö­we­re­giň­den sa­ňa il­deş­le­riň, sport jan­kö­ýer­le­riň al­kyş­ly söz­le­ri gö­nük­dir­se­ler, şun­dan uly bagt bo­lup bi­ler­mi?!

Ýol­lar asu­da — il­ler abadan

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 In­di bir­nä­çe ýyl bä­ri asyl­ly dä­be öw­rü­lip, do­wam edip gel­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­lyk çä­re «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz­da hem ba­dal­ga ber­lip, giň ge­rim­de do­wam ed­ýär. Bu çä­rä­niň her ýyl­da ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de, Aş­ga­bat we Arkadag şä­he­rlerin­de, we­la­ýat­la­ry­myz­da, şä­her­le­ri­miz­de, kö­çe­ler­de, ýol­lar­da ýol he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan dür­li ky­sym­ly ulag­la­ryň sü­rü­ji­le­ri, py­ýa­da ýo­lag­çy­lar ta­ra­pyn­dan ýol-he­re­ket düz­gün­le­ri­niň do­ly de­re­je­de ber­jaý edil­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Sag­dyn döw­le­tiň berk bin­ýa­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Häzirki wagtda Türk­me­nis­tan sag­dyn ýa­şaý­şyň, sag­dyn ösü­şiň Wa­ta­ny hök­mün­de ta­nal­ýar. Çün­ki Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz hal­ky­my­zyň sport bi­len iç­gin gy­zyk­lan­ma­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek üçin giň şert­ler dö­red­ýär.

Bagtyýarlygyň baýramy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da şu gün­ler mu­kad­des Garaş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de, hu­su­san-da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň peş­geş be­ren aja­ýyp za­ma­na­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň güýç­li dep­gin­de ös­me­gi, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra de­re­je­de da­ba­ra­lan­ma­sy Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň Ýer ýü­zün­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny tä­ze be­lent­li­ge gö­ter­di. Döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ba­bat­da öňe sü­ren oňyn baş­lan­gyç­la­ry hal­ka­ra jem­gyýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýar.

Bosagada şanly sene

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­raş­syz­lyk bi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy­myz­dyr. 1991-nji ýy­lyň tyl­la güý­zün­de ýur­du­myz öz Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­dy. Ba­ry-ýo­gy 33 ýy­lyň için­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ta­nal­maz de­re­je­de ös­di we öz­ger­di. As­ma­ny­my­zyň asu­da­ly­gy, gün­diz­le­riň we gi­je­le­riň pa­ra­hat geç­ýän­di­gi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň bi­ze be­ren peş­ge­şi bo­lup, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­nyň do­ly de­re­je­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan­­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Watan, döwlet we halk mukaddes bitewülikdir

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 ­Dä­be öw­rü­len aja­ýyp saz­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da bu ýyl hem daş-tö­we­re­gi­mi­zi go­ýa­zy paý­ha­syň, kä­mil­li­giň, sa­ha­wa­tyň al­tyn­sow keş­bi­ne bü­re­ýän eş­ret­li güýz pas­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­len mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň go­şa to­ýa öw­rü­lip ut­ga­şyk­ly gel­me­gi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aý­ra­tyn bi­te­wü­lik ma­ny­sy­na eýe bol­dy. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň «Hor gal­ma­syn puşt­dan-puş­dum, // Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýen naý­ba­şy ar­zu­wy­nyň wy­sa­ly şu iki sa­ny şan­ly wa­ka­nyň saz­la­şy­gyn­da has aý­dyň-par­lak şöh­le­len­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz — hal­ky­my­zyň azat­lyk, er­kin­lik, öz­baş­dak­lyk ba­ra­da köp asyr­lar­dan soň ama­la aşan kö­ňül küý­se­gi. Halk Mas­la­ha­ty — bu bi­ziň mil­li döw­let­li­li­gi­mi­ziň halk we­kil­çi­li­gi­ne, ra­ýat hak-hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na, köp­çü­li­giň erk-era­da­sy­na, ada­la­ta we ag­zy­bir­li­gi­ne da­ýan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny, Py­ra­gy ata­my­zyň aý­dy­şy­ ýaly, «Ýurt bi­na­my­zyň ga­ýym­ly­gy­nyň» ala­ma­ty. Mah­la­sy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­l

Ösüş­le­riň göz­ba­şy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Bag­ty­ýar hal­ky­myz ýe­ne bir şanly se­nä­ni — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Bu se­ne kül­li türk­men hal­ky üçin iň naý­ba­şy baý­ram­la­ryň bi­ri­dir. Çün­ki ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­gy­nyň ge­çen ýo­lu­na ser sa­la­nyň­da tu­tuş hal­ky­my­zyň yk­ba­ly­ny öz­ger­di­ji buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ni gör­mek bol­ýar. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýy­ly­nyň için­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny we il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da be­ýik sep­git­le­re ýe­til­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Arkadagymy­zyň sag­dyn ruh­ly we berk be­den­li ýaş­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da­ky be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň do­wa­my­ny biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň döw­let­li tu­tum­la­ryn­da gör­ýä­ris.

Sport ha­kyn­da söh­bet­deş­lik

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li uni­wer­si­te­tiň Türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­rin­de bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ha­kyn­da te­ge­lek sto­luň ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.

Ga­raş­syz­lyk — gö­wün­le­riň ga­na­ty

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da wa­tan­daş­la­ry­myz buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­niň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Aý­ra­tyn hem, şu gün­ler hal­ky­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny uly şat­lyk we be­ýik zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Her ýyl mil­li se­ne­na­ma­myz­da aý­ra­tyn orun alan bu baý­ra­my my­na­syp gar­şy­la­mak il­deş­le­ri­mi­ziň kal­byn­da aý­ra­tyn ýa­kym, ýal­kym dö­red­ýär. Ýur­du­myz­yň çar kün­je­gin­de hö­küm sür­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär.

Pyragynyň edebi dünýäsi

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we ede­bi­ýa­ty düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly öw­re­niş yl­myn­da söz us­sa­dynyň dö­re­di­ji­li­gi äh­li ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­mekde uly iş­le­r al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýaş ne­sil­le­riň şöh­rat­ly ede­bi çeş­me­le­ri­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn çuň­laş­dy­ryp öw­ren­me­gi üçin giň ýol açyp ber­ýär. XVIII asy­ryň meş­hur akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­ky­nyň ru­hy şam­çy­ra­gy hök­mün­de çäk­siz hor­ma­ta eýe­dir. Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň çäk­le­rin­de we onuň çä­gin­den da­şyn­da Mag­tym­gu­ly ha­ky­ky halk şa­hy­ry, mö­hüm dur­muş gym­mat­lyk­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan öň­den gö­rü­ji akyl­dar, go­ja ze­mi­niň, hal­kyň hup­bat­la­ryn­dan ha­bar­dar us­sat pel­se­pe­çi, aý­ra­tyn-da, türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň we türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy hök­mün­de ta­nal­ýar. Be­ýik şa­hy­ryň şyg­ry­ýet äle­mi türk­men ede­bi­ýa­tyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny açyp, ada­lat­ly­lyk, ýo­ka­ry ah­lak­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik dü­şün­je­le­ri­niň şöh­le­len­me­si bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, ol öz döw­rü­niň çe­per­çi­lik, yl­my, jem­gy­ýet­çi­lik dü­şün­je­le­ri­niň ösü­şin­de iň ýo­kar­ky de­re­je­le­ri şöh­le­len­dir­ýär.

«Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ştab-kwar­ti­ra­syn­dan hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. 6-njy sent­ýabr­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Mu­nuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir.

Türk­men ta­ly­by çem­pi­on bol­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de do­wam ed­ýän Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş ed­ýär­ler. 10-njy sent­ýabr­da türk­men tür­gen­le­ri 3 me­dal ga­za­nan bol­sa­lar, 11-nji sent­ýabr­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ne 2-si hor­mat mün­be­ri­ne çyk­dy. Ola­ryň bi­ri Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­dy.