Okatmagyň usulyýeti kämilleşdiriler

18 Iýun 2024
583

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir ulgamy täze ösüş-özgerişlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze ösüşlere gönükdirilen maksatnamalaryň ençemesi kabul edildi. Şolaryň biri-de 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasydyr. Häzirki wagta ýurdumyzyň bilim ojaklarynda geçirilýän usuly-amaly maslahatlarda bu resminamadan gelip çykýan wezipeler, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakda netijeli usullardan peýdalanmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny has-da ýokarlandyrmagyň ýollary barada pikir alşylýar. Golaýda şeýle usuly-amaly maslahat Türkmenistanyň milli bilim institutynyň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde hem geçirildi.

Atajan GURBANSÄHEDOW,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.