Heýkeltaraş bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

3 Iýun 2024
468

Teleýaýlymlar arkaly ýurdumyzda geçirilýän çärelerde sergä çykarylýan dürli heýkelleri görüp, heýkeltaraşlyga höwes edýärdim. Çagakam toýundyr palçykdan dürli heýkeljikleri ýasardym. Soňra 4-nji synpda okaýarkam çeper döredijiligiň halk ussasy Maksat Şyhyýewiň elinde tälim alyp başladym. Bu meniň heýkeltaraşlyk ýolundaky ilkinji çynlakaý ädimim boldy. 7-nji synpa geçenimden soň bolsa, heýkeltaraşlyk ugry boýunça Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine okuwa girdim.

Çagalar sungat mekdebinde okan ýyllarymda halypa mugallymlarymyzyň tälimleri esasynda gipsden, toýundan we agaçdan birnäçe heýkel eserlerini döretdim. Agaçdan dürli şekilleri ýasamagy has gowy görýärin. Heýkelleriň berkligi üçin, hususan-da, erik, tut, hoz, dagdan agaçlaryndan peýdalanýarys. Tebigat gözellikleri, guşjagazlar, alabaý itlerimiz hem-de ahalteke bedewlerimiz döredijiligimde iň köp ýüzlenýän temalarym.

Guwanç HYWALYÝEW,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.