Beden maşklarynyň halk döredijiligi bilen baglanyşygy

24 Aprel 2024
565

Halk döredijiliginiň şahyrana görnüşleri bolan matallary, sanawaçlary, ýaňyltmaçlary öz içine alýan türkmen milli oýunlarynyň baş maksady nesil terbiýesine gönükdirilendir. Matallar adamda synçylygy, özbaşdak we çalt pikirlenmegi, suratlandyrylýan zadyň häsiýetini, özboluşly alamatlaryny göz öňünde janlandyrmak endigini ösdürmäge ýardam edýär. Galyberse-de, matallaryň irki wagtlarda toý-tomaşada aýdylyp, märekä şowhun bermek, köpçüligiň şadyýanlygyna şärik bolmak ýaly maksatlary bilen örän jaýdar ulanylandygyny bellemek gerek.

Sanawajy bolsa ýüzugra sanap gutarmaly. Sägindigiň sanawajyň heňi, akgynlylygy, gyzygy gaçar. Owadan, akgynly, yzygider gürläp öwrenmek üçin-de sanawajyň peýdasy uly. Onuň ýumşak, şadyýan äheňi bolsa seni hoşwagt eder. Şonuň üçin hem: «Sanawaçda säginme!» diýipdirler. Ýaňyltmaç sözlän wagtyň ýalňyşmazlyk üçin döredilendir. Kynlyk bilen aýdylýan sözleriň, dilimizi ýenjip, ony aýtmasy kyn sözlere uýgunlaşdyrmagy-da ýaňyltmaçlaryň ähmiýetine degişli. Halk döredijiliginiň bu görnüşiniň üýşmeleňde, adamlaryň arasynda gülki, şowhun döretmek ukybynyň bardygyny unutmaly däldiris.

Ýagşymyrat ALLAMURADOW,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.