Çar tarapdan diplomatik habarlar

17 Fewral 2024
449

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň ahyrynda daşary ýurtlarda döwletimiziň adyndan wekilçilik edýän türkmen diplomatlary bilen duşuşyp, Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan halkara syýasy, ykdysady, medeni dialogy işjeňleşdirmek babatda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýär, şanly ýylyň esasy wakalaryna bagyşlanan dürli mazmunly çärelerdir maslahatlar guralýar. Biz olar barada gazetimiziň ýörite rubrikasy astynda yzygiderli habar berýäris. Diplomatik işgärleriň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde hem türkmen diplomatlarynyň dünýäniň çar künjeginde alyp barýan işleri bilen bagly habarlar toplumyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».