Ekologiýanyň ygtybarly goragy

22 Iýun 2022
1362

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe barýan ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy arassa hem aýawly saklamak, geljek nesillere abatlygy bilen miras galdyrmak her birimiziň borjumyzdyr.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi 1968-nji ýylda döredilip, şondan bäri daş-töweregi goramagyň meseleleri, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirip gelýär. Bölümiň işgärleri özleriniň alyp barýan işleriniň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, tebigy baýlyklary goramak, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we olardan rejeli peýdalanmak, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatda halkyň, raýatlaryň işjeňligini ösdürmek bilen, welaýatyň çäklerinde geçirilýän ekologik taslamalara, hünär okuwlaryna, duşuşyklara gatnaşmaklygy we degişli çäreleri guramaklygy amala aşyrýarlar. Edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, mekdepdir çagalar baglarynda tebigat bilen baglanyşykly dürli görnüşli çäreleri, döredijilik bäsleşiklerini guraýarlar.

Leýla MATMURADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar