Sport mekdeplerinde

19 Ýanwar 2024
566

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda sport mekdebinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Nesip bolsa, bu ýyl ruhy baýlyga aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan tutular. Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.