Türkmenistan — Eýran: netijeli hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär

22 Dekabr 2023
607

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Şoňa görä-de, söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

"Nesil".