Halkara giňişlikde

20 Noýabr 2023
559

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy üns merkezinde

Golaýda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň ulag ministriniň orunbasary L.Ýan ýolbaşçylyk etdi. Mejlise ýurdumyzyň ulag ugurly döwlet edaralarynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, şeýle-de Hytaýyň Ýol we köpri gurmak boýunça korporasiýasynyň, «China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».