Hyzmatdaşlygyň täze ugry: «Türki döwür» şygary

7 Noýabr 2023
725

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine amala aşyran iş sapary köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini nazarlamakda möhüm pursat boldy. Bu Guramanyň işi taryhyň gadymy döwründen bir kökden gözbaş alyp, çar ýana ýaýylan gojaman daragtyň nowça nahallarynyň pajarlap gülleýşi ýaly barha kuwwatlanýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň işi taryhy taýdan ruhy-medeni ýörelgeleri birmeňzeş bolan halklary birleşdirip, parahatçylykly we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».