Sungatlar söhbetleşende...

7 Noýabr 2023
450

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň prezidenti Jorjio Bartolomuççi, bu akademiýanyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozon hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar zehinli talyplaryň «Altyn gazna» muzeýinde sergilenen sungat eserleri bilen içgin tanyşdyrylyp, olara ýokary okuw mekdebinde hünärleriň öwredilişi barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara pikir alşyldy.

Bilşimiz ýaly, italiýan sungaty dünýä şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşdy. Bu ýurtda toplanan baý tejribe ýaş zehinli sungat işgärlerini ýetişdirmekde, olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi medeni köprüleri has-da pugtalandyrjak guwançly wakadyr. Resminama laýyklykda, akademiýalaryň arasynda binagärlik, dizaýn we şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary saklanylar.

Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri.