"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gül zehinli Gülnabat

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň 2-nji synp okuwçysy Gülnabat Annanurowa göreldeli, aýratyn zehinli çagalaryň hatarynda tanalýar. Onuň zehin kämilliginiň artmagyna uly dogany, ady agzalan mekdebiň nakgaşçylyk bölümini tapawutly bahalar bilen tamamlan Rahym Annanurow uly täsirini ýetirýär. Agasy surat çekende, ýanyndan aýrylman synlap gezen gyzjagaz, häzirki döwürde bile okaýan deň-duşlaryna nusgalyk döredijiligini görkezýär. Ol hünär mugallymy Batyr Çaryýewden şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny yhlas bilen öwrenýär. Natýurmort, mowzuklaýyn taslama ýaly işlerinde hem-de tebigata çykyp ýerine ýetirilýän eserleriň ählisinde ýaş zehiniň şekillendiriş sungatyna bolan uly höwesi aýdyň şöhlelenýär.

Sungat basgançaklary bilen öňe!

Sungata we döredijilige uly üns berilýän bagtyýar zamanda eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işlerini wasp edip, özleriniň ýürek buýsanjyny aýdym-saza siňdirýän ýaşlaryň sany az däl. Şolaryň biri hem Adylşa Tagandurdyýewdir. Sungata höwesli Adylşa körpelikden aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Kakasy oglunyň zehinini açmak üçin kän zähmet siňdiripdir. Şonuň üçin hem Adylşa kakasyny ilkinji halypasy hasaplaýar we onuň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde üstünlik gazanmagy arzuw edýär. Adylşa ikinji synpda okaýan döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde birinji orny eýeleýär. Ilkinji üstünligi ony has-da hyjuwlandyrýar we onuň çagalar sungat mekdebinde okuwyny dowam etdirmegine sebäp bolýar. Bu ýerde ol fortepianodan sapak alyp başlaýar. 2014-nji ýyldan başlap, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň halk saz gurallary bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Adylşa akkordeon saz guraly boýunça halypa mugallymlary Öwezmyrat Amanmyradowyň, Aknur Hojagurbanowanyň we Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gülşat Ödenyýazowanyň ýolbaşçylygynda «Güneş» çagalar hor toparynyň düzüminde birnäçe döwlet çärelerine gatnaşdy. Häzir bolsa Halk saz gurallary bölüminiň «Joşgun» akkordeonçylar toparynda ukypdyr zehinini taplaýar.

Jübütmi — täk? (Oýun)

Oýun iki çaganyň arasynda oýnalýar. Olaryň hersi birnäçe daşjagaz ýa-da şänik alýar. Ilki sanawaç sanalyp bije atylýar, kimiň bijesi çyksa, ol gysymynda birnäçe daşy (ýa-da şänigi) saklap: «Jübütmi-täk?» diýip, ýoldaşyna ýüzlenýär. Eger, ýoldaşy «täk» diýse, daşjagazlaram jübüt çyksa, jogap beren oýunçy ýoldaşyna bir daş berýär. Eger, dogry bilse, onda ýoldaşynyň gysymyndakylarynyň hemmesini alýar we oýna täzeden başlaýar. Kimiň daşjagazy ýa-da şänijegi öň gutarsa, şolam utuldy hasap edilýär.

Sahnada zamananyň keşbi

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamy Garaşsyz türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu işde teatr sungatyna hem örän uly orun degişlidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz teatr işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Döredilýän şertdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan sungat ussatlarynyň arasynda guralýan bäsleşikler zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam berýär.  Welaýat döwlet drama teatrynda welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda welaýatyň halk teatrlarynyň we gurjak halk teatrlarynyň arasynda «Sahnada zamananyň keşbi» atly bäsleşik geçirildi. Maksady teatryň döredijilik işini has-da kämilleşdirmekden we sahnalaşdyrylýan oýunlaryň türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus döwrebap döredilmegini gazanmakdan, şeýle-de döredijilik işgärlerini höweslendirmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolan bäsleşikde artistler asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Ýaş höwesjeňler ynanylan keşbi janlandyrmakda, türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetleri açyp görkezmekde yhlas-başarnyklaryny görkezdiler.

Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň, neşirýat işgärleriniň, fotosuratçylaryň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň gözelliginiň şekillendiriş we amaly haşam sungatynda, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi hem-de oňa hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Döredijilik eserlerinde köpöwüşginli suratlandyrylan ahalteke bedewi we türkmen alabaýy, ajaýyp türkmen tebigaty milli toý dabaralary bilen sazlaşykly şekillendirilipdir. Bu bolsa olaryň sungat derejesindäki gymmatlygyny has-da artdyryp, döredijilik işiniň kämil çykmagyna şert döredýär. Indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýan ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň işjeňligini artdyrmagyndaky, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyndaky ähmiýeti diýseň uludyr. Sergide täsin şaý-sepleriň, halylaryň, keramika önümleriniň giň toplumy tomaşaçylara görkezildi. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ählisiniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi sergä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Elbetde, şeýle gymmatly sungat eserleriniň döredilmeginiň gözbaşynda sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlaryna, d

Baýramçylyk joşguny

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýanardag» heýkeliniň öňündäki meýdançada Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazlar, edebi çeper kompozisiýalar bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, sungat derejesine ýeten seýisçilik ýörelgelerini düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda bimöçber işler amala aşyryldy. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňýanynda paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi hem umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny wagyz etmekde, ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakalaryň biri boldy.

Belentden ýaňlanan owazlar

Şu günler Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen şöhratly Polatlynyň heýkeliniň öňündäki meýdançada hem «Toýlar toýa ulaşýar bedew batly Watanda!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen çärede ýurdumyzyň ýaş zehinlerinden düzülen aýdym-saz toparlary behişdi bedewlerimize bagyşlanan aýdymlary, gadymy türkmen halk sazlaryny, şeýle hem edebi-sazly kompozisiýalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle medeni çäreleriň ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşmagyna, öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýändigini hem aýratyn bellemek gerek. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň çagalar çeperçilik mekdepleriniň nakgaşçylyk eserleriniň sergileri guraldy. Eserlerde mähriban halkymyzyň milli gymmatlygy, toýlarynyň ýaraşygy bolan ahalteke bedewleriniň çeper keşpleriniň köpöwüşginli suratlandyrylmagy olary synlan myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň şan-şöhratyny äleme ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň janynyň sag, başyny

Döredijilik duşuşygy

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary hünär kämilligini gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Halkymyz islendik kesp-käriň inçe syrlarynyň özleşdirilip, onuň täze derejä çykarylmagy üçin halypa bilen şägirdiň arasyndaky ysnyşykly gatnaşygyň möhümdigini tassyklaýan köp sanly paýhasly pentleri hem-de ertekilerdir rowaýatlary döredipdir. Bu günki gün hem şeýle gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berlip, ýörite meýilnama esasynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar. Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Halkymyzyň milli gymmatlyklary — ylham çeşmesi» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň öwrenilişine, ösdürilişine we bütin dünýäde wagyz edilişine bagyşlanan döredijilik duşuşygyna halypa şahyrlar, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Halypalaryň köpýyllyk iş tejribesiniň, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerine we daşary ýurtlara bolan iş saparlarynyňdyr syýahatlarynyň dowamynda göz ýetiren durmuş hakykatlarynyň esasynda ildeşlerimiz hem-de daşary ýurtlular tarapyndan türkmen halkynyň medeni mirasyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpany tassyklaýan çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eşretli zamanamy

Türkmen alabaýy

Görkün görseň gözüň ganar, gahry gelse şirdemlidir,Gaba kelle, kelte aýak, ýasy döş, giň gerdenlidir,Howalasyn Arşdan alan, agraslygy ýerdenmidir?!Edermendir, edenlidir, merdem türkmen alabaýy. Wepalydyr öý-ojaga, iýen duzun haklar mydam,Bir döwüm nan-owkat berseň, öýüň aman saklar mydam,Janly-jandarlaň içinde şondan ýakyn dost barmykan?!Syrdaşdyr adam ogluna, her dem türkmen alabaýy.

Bagt sen, Aşgabat!

Keramat, kerem sen, köňülleň köşgi,Ak şäherim, sende aşyklaň yşky!Asuda, abadan döwrümiň keşbi,Nurana, owadan durk sen, Aşgabat! Dünýämize dolmuş bagt sen, Aşgabat!Ýurdum gülleýän bag, sen erkana guş,Bagtyň kepderisi baglarňa gonmuş,Günler gülüp baksyn, ýylgyrsyn durmuş,

Aşgabat — berkarar döwletiň nurana keşbi

Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz günsaýyn gözelleşip, dünýäniň ajaýyp şäherleriniň hatarynda orun eýeleýär. Paýtagt — ýurduň tuwagy, onuň gürsüldäp urýan ýüregi. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleri, giň gerimli işleri ýaýbaňlandyrmak, sebit we dünýä derejesinde Aşgabat şäheriniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň güni döredildi. Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat we onuň ençeme binagärlik toplumlary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary, binalary, seýilgähleri, milli görnüşli suw çüwdürimleri onuň gözelligini goşalandyrýar. Häzirki zaman innowasiýalar ýurdumyzyň ähli ugurlarynda — inžener-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlarynda ulanylýar. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, parahatçylygy döredijiligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda ykbal çözüji kararlar kabul edilýär, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli möhüm wakalar bolup geçýär. Amala aş

Behişdi bedewleriň bäsleşikleri

Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň milli baýramy mynasybetli her ýylda at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we gözellik bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirilip, onuň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň geçirilen ýerinde atly sportuň muşdaklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar täsirliligi bilen tapawutlandy. Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden bäsleşigiň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Ikinji tapgyrda bedewleriň 10-sy 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşdi. Çekeleşikli geçen üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň 8-sinden geçip, onuň netijesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow Akgala atly bedewi bilen ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew Galkyn

Edermenligiň nusgasy

Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan edermenligi bilen tapawutlananlaryň 25-si gatnaşdy. Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar. Halkara bäsleşige badalga berilmezinden ozal, itşynaslaryň birnäçesi çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada buýsanç bilen beýan etdiler.

Döw­rü­me buý­sanç, ýü­re­gi­me syr­daş

Paýhasly setirler Hormatly Prezidentimiziň «Gadamy batly bedew» atly kitabyndan:

Babyr bilekli pälwanlar

Ata-baba durmuş ýörelgesi esasynda döräp, kämillik ýoluny geçen türkmen milli göreşi degresi daýaly toýlaryň aýrylmaz bölegi hökmünde halkymyzyň ruhy dünýäsine ganat berip, saglygyna oňyn täsirini ýetirip gelipdir. Toýlarda mele çäge döküp, ýumşak ýerde guşak guşap, göreş tutmak dessury irki döwürlerden durmuşa ornaşypdyr. Bu ugurda dürli emelleri öwrenmek, ulanmak ýeňiş gazanmagyň esasy ugruny kesgitläpdir.

«Beýik binalar görner»

Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dünýä mirasyna ylahy egsilmez zehini bilen, beýik ruhy-pelsepesine ýugrulan şygryýetini bagyş etdi. Dana Pyragynyň peşgeş beren gaýtalanmajak, medeni-edebi, baý mirasynyň çuňňur öwrenilmeginiň çäginiň ýokdugyna bu gün has-da ýakyndan göz ýetirýäris. Beýik söz ussadynyň kämil eserleri halkymyzyň arzuwlan parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik ýaly ynsan mertebesini ýokary götermäge ýugrulan oý-pikirleri bilen ynsany ynsanperwerlige ymtyldýar. Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi älem giňişligini ýadyňa salýar. Ol diňe bir ugurdan däl, islendik temadan alanyňda-da aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän dürler hazynasy. Şahyryň pelsepä ýugrulan çuňňur şygryýetine düşünmek, akyl ýetirmek üçin ýetmesi kyn ýollar, çykmasy kyn beýikden-beýik dag gerişleri keserip duran ýaly görünýär.

Gülküli filmleriň ussady

Her bir kinorežissýoryň film döretmekde özüne mahsus bolan döredijilik ýoly, häsiýetine görä saýlap alýan temasy, žanry, ugry bolýar. Olaryň käbiri drama žanryny özüne ýakyn saýsa, ýene biri komediýa žanryna ýykgyn edýär. Belli kinorežissýordyr aktýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, komediýa žanrynda filmleri surata düşürmegiň ussady Muhammet Söýünhanow komediýa žanrynda filmi surata düşürmese-de, onuň drama žanrynda döreden filmlerinde hem gülküli sahnalardyr pursatlary görmek bolýar. Ol türkmen kino sungatynda hiç kimiňkä meňzemeýän täsin komediýalary döretdi. Muhammet Söýünhanow 1936-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda dünýä inýär. Giň sähraýy ýerde ýerleşen Duşak obasynyň adamlary, esasan maldarçylyk bilen meşgullanýar. Şonuň üçin oglunyň maldarçylyk ugrundan lukman bolmagyny arzuwlan kakasy Söýünhan aga Muhammedi orta mekdebi tamamlandan soň Aşgabatdaky Zooweterinariýa tehnikumyna okuwa ýollaýar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolan ýertitremesi zerarly jaýlar weýran bolýar. Şondan soň Muhammediň okaýan tehnikumy Lebap welaýatynyň Kerki şäherine göçürilýär. Ol bu ýerde mal lukmany ugrundan bilim almagyny dowam etdirýär. Ol okuwdan boş wagt tapsa, Kerki şäheriniň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän dynç alyş medeni seýilgähindäki kinoteatra gidip, şol döwürde gaýta-gaýta görkezilýän «Tarzan», «Jenap — 420», «Sergezdan», «King-Kong»

Türkmeniň saýrak bilbili

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hemişelik galýan eken. Men heniz mekdep ýaşyna ýeten oglankam teleýaýlymda berilýän «Köne güzer» atly aýdym-sazly gepleşigi üns berip diňleýärdim. Halypalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary ýaş kalbymda medeniýete we sungata bolan höwesi artdyrdy. Şeýlelikde, ulaldygym saýy türkmen opera sungatyna bolan höwesim artyp başlady. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda kalbym ganatlanardy. Ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda bolsa, onuň belent owazy göýä bagtyň mukamy bolup türkmen sährasyny doldurýan ýalydy. Men şonda mähriban käbämden Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlary barada soranymda ejem: — Oglum, Medeniýet «Türkmeniň saýrak bilbili» adyna mynasyp bolan aýdymçydyr. Ol aýdym aýdanda, göýä erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr — diýerdi.

Watanyň hem döwrüň waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk seneleri mynasybetli Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň welaýat ilkinji guramasynyň müdirliginiň guramagynda «Watanyň hem döwrüň waspy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa şol jemgyýetiň agzalary bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar toparlara bölünip, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan milli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertine laýyklykda taýýarlan palaw, unaş, gutap ýaly milli tagamlary, «Bahar nagmasy», «Ýazyň ýaraşygy» ýaly işdäaçarlary bilen saçagy bezediler. Şeýle-de küşt depip, gazal aýdyp, eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň waspyny ýetirdiler.

Medeniýete, sungata sarpa bar

Halkymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiren döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-parasatly baştutanlygynda giň gerimli tutumlardyr maksatnamalar amala aşyrylýar. Bedew batly ösüşleri nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, şol bir wagtda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Halkynyň bimöçber söýgüsini gazanýan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taglymaty netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz, sungatymyz has-da baýlaşýar, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat wekilleri sarpalanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde uly işler ýola goýulýar. Berkarar ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde ylymly-bilimli, hünärli nesiller kemala gelýär. Kämillige gol berip, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany barha artýar.