"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Täze ýyl diýlende...

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl diýlende, meniňä ilki bilen çagalyk döwrüm ýadyma düşýär. Bu her bir adam üçinem şeýle bolsa gerek?! Sebäbi çagalarda ajaýyp hyýaly dünýäni keşbe getirip bilýän ýeke-täk baýramçylyk — bu Täze ýyldyr. Täze ýyl baýramy bagtyýar çagalygyň iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryny ýadyňa salýar.

Näme üçin Täze ýyl arçasynyň çür depesine ýyldyz dakylýar?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýy«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024l baý­ram­çy­ly­gy­na san­ly­ja gün­ler gal­dy. Bu baý­ram­çy­lyk­da her kim öz öý­le­ri­ni we Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­ny be­ze­ýär­ler. Ýö­ne siz Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň de­pe­sin­de nä­me üçin bäş burç­ly ýyl­dy­zyň go­ýul­ýan­dy­gy­ny ba­ra­da oý­la­nyp­dy­ňyz­my?

2025

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyla bütin dünýä halklary uly hyjuw bilen garaşýar. Elbetde, täze ýyl hakynda ilkinji dörejek pikirler, garaşylýan ýylda ýetiljek sepgitler, gazanyljak üstünlikler barada arzuwlary edýäris. Bu bolsa geljege bolan ynamymyzy artdyrýar. Şol ynamy has-da pugtalandyrýan, öňde goýan maksadyňa ýetmek üçin itergi berýän güýç — bu sportdur. Täze ýylda hem türkmen sportynda ýokary netijeler gazanmaly diýip çykýan sözler, her bir öňde goýlan maksatlar türkmeniň kalbynyň buýsançly owazy bolup ýaňlanýar.

Tä­ze ýy­lyň ruhubelentligi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl — ynsan ömrüniň täze bir sahypasy. Bu sahypany her kim ýagşy arzuw-umytlar, haýyrly işler bilen bezemek isleýär. Ynsan ömrüni aý-günleriň, ýyllaryň düzýändigi sebäpli garşy alýan her bir günümiz, aý-ýyllarymyz bize şatlyk, bagtyýarlyk, uly joşgun alyp gelýär. Ine, täze ýyl — 2025-nji ýyl bosagamyzda dur. Ähli ynsanlara bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilip gelýän Täze ýylyň şatlygy, bagtyýarlygy bu gün ýürekleri, köňülleri heýjana getirýär. Bu baýram tutuş Diýarymyzy baýramçylyk keşbine besleýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Täze ýyl

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl – bu täze gün.

Dünýäde täze ýyl däpleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dünýä ýüzünde dürli-dürli täze ýyl däpleri asyrlar aşyp, dowam edip gelýär. 10-a çenli sanamak we feýerwerk, döwülýän jäçler, köne enjamlary, serişdeleri zyňmak ýaly adatlaryň köpüsi bize mälim bolsa-da, dünýäniň çar tarapyndaky Täze ýyl däpleriniň käbirlerini eşitmek has täsin.

2025-nji ýylda doglan çagalar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýylan ýylynda doglan çagalar adatdan daşary akyllylygy we ajaýyp häsiýet deňagramlylygy bilen tapawutlanarlar. Emosional gahar-gazabyň ýerine, olaryň ýagdaýlary özbaşdak seljermek we çözgüt tapmak ýaly ajaýyp ukyby bolýar.

Aşgabat Täze ýyl baýramyny şatlyk bilen garşylaýar

Geçen hepdede ýurdumyzyň Baş arçasynyň dürli yşyklarda ýalkym saçmagy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbi öňküdenem nurlandy. Şu günler baş şäherimiziň agşamy hasam owadan. Hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga berlensoň, Baş arçamyzyň töweregi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasyny her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirmek asylly däplerimiziň biridir. Bu ýerde giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, dürli öwüşgindäki yşyklarda ak mermerli Aşgabada nur saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. * * *

Döwlet gullukçysynyň guramaçylyk medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär» diýip nygtamak bilen, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň häkimiýet edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygynyň, häzirki zamanyň innowasion sanly tehnologiýalaryny öz işinde ulanmagy başarmagynyň, guramaçylyk medeniýetiniň we edebiniň wajyplygynyň barha artýandygyny hem tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslary, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertleridir tertibi kesgitlenilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilen kadalar berkidilen. Şeýle-de Kanunda döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagynyň tertibi, özüni alyp barmagynyň düzgünleri bellenilýär.

Sazlaşykly ösüşleriň ýoly

Raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden hem ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän döwletimiziň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşmagynda bedenterbiýe we sport ulgamyna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň yzygiderli artmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň geriminiň giňemegi, türgenlerimiziň dünýäniň çar ýanynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň ajaýyp miweleridir. Diýarymyzda soňky 15 ýyldan gowrak döwürde ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan çuňňur oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi, Hazaryň merjen kenaryndaky gözel Awazada döwrebap sport toplumy, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde häzirki zaman sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Okgunly ösüşlerimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşany hem-de kämilligiň nusgasy bolan Arkadag şäherinde-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Türgenleşikleri ýokary hilli geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän k

Ar­ka­dag pä­hi­min­den gal­kyn­ýan sport

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge gönükdirilen asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara awtoralli ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem bu işleriň aýdyň netijesidir. 19-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr.

Abadan durmuşyň nusgalyk şäheri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda gurlan Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň we degişli güwänamalaryň berilmegi eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şäheriň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr. Innowasion tehnologiýalary, ekologik abadançylygy babatda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaşaýjylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hem ähli şertleriň döredilmegi bu ýeriň, hakykatdan-da, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny tassyklaýar. Bu ýerdäki sport desgalarynyň ähli ölçegler babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň nyşanydyr.

Şöhratly taryhyň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döreden hem-de häzirki nesillerimize miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiz hakynda söz açýan «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär. «Hakyda göwheri» buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä nusgalyk ösüşlerimiziň hem-de açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip belleýär. Bu pikiriň çuňňurdygyna, uly many-mazmuna eýedigine buýsanýarsyň. Taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda ata-babalarymyzdan miras galan egsilmejek ruhy baýlykdyr. Milli buýsanç ynsany bagtyýarlyga ýetirýän gymmatlykdyr.

Gym­mat­ly gol­lan­ma

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky XVI jildiniň neşir edilmegi geçip barýan ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyplar üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseri ýankitabymyza öwrüldi. Bu ylmy-ensiklopedik işinde Gahryman Arkadagymyz okyjylary dermanlyk ösümlikler bilen akademik nukdaýnazaryndan tanyşdyrýar. Olaryň suratlary, biologik aýratynlyklary, ösýän ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, taýýarlanyş we ulanylyş usullary baradaky maglumatlar yzygiderlilikde beýan edilýär.

Täze ýylyň şowhuny

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan baýramçylyk gepleşiginde öz beýanyny tapdy Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günlerde ýurdumyzyň ähli sebitlerini baýramçylyk şowhuny gurşap alýar. 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler bolsa türkmen topragynda höküm sürýän baýramçylyk ruhuny goşalandyrýar. Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan şowhunly baýramçylyk gepleşigi hem täze 2025-nji ýyla bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilelikde gurady. Şowhunly baýramçylyk gepleşigi «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly beýik ýurdumda, Täze ýylyň şowhuny bagt paýlaýar ilimde» diýen şygar astynda ýaýbaňlandyryldy.

Akyldaryň şygyrlarynda tebigatyň waspy

Halkymyz ähli döwürlerde ene topragy sarpalap, tebigata aýawly çemeleşipdir, onuň gözelliklerinden ylham hem-de ruhy güýç alypdyr. Şonuň üçin-de, söz ussatlarymyzyň şygyrlarynda tebigatyň gözelligi, onuň ynsan bilen arabaglanyşygy giňden beýan edilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan edip, keremli mekanyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Akyldar şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlary ynsanda Watana bolan söýgi, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak ýaly asylly duýgulary döredýär. Tebigat, tebigy hadysalar bilen bagly setirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öz goşgularynda tebigatyň syrlaryny dana pikirleriň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bahar pasylynyň, Nowruzyň gelmegi bilen, topraga ýylylygyň girip, onuň ýagyş-ýagmyrdan ganýandygy, daş-töweregiň ýaşyl dona bürenip, ýaşaýşyň täzelenýändigi akyldaryň «Duman peýda» atly goşgusynda beýan edilýär:

Gulhan pälwan

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Gulhan pälwan 1966-njy ýylda Aşgabadyň pagta obasynda Çary gyzy Ogulgözel bilen durmuş gurýar. Olaryň Maýa, Dünýägözel, Jeren we Täzegül, Pirguly hem-de Amanmuhammet atly ogullary bolýar. Ähli ugurda diýen ýaly kyblasynyň ýolundan ýörän Pirguly Gulhanyň pälwançylyk kesbini hem üstünlikli dowam etdirýär. Ol hem kakasy ýaly berk bedenli we uly güýjüň eýesi bolup, toý göreşlerinde abraý alýar. Ilkinji toý göreşindäki tutluşygyny Garagum sährasynyň Goňurajy obasynda Gökdepäniň Ahal obasyndan bolan Gully pälwan bilen ikinji dörtlükde geçirýär. Bu göreşde göterme emelinden başarnykly hem öz wagtynda peýdalanan Pirguly ýeňiş gazanýar we eýe bolan uly baýragy bilen kyblasyny çäksiz begendirýär.

Türgenlerimiziň üstünlikleri surat eserlerinde

Ähli ulgamlarda okgunly ösüşlere eýe bolýan eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleriniň sungatyň dürli ugurlary boýunça döredilýän eserlerde giňden beýanyny tapmagy bu ulgamyň wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gazanylýan beýik üstünliklere çäksiz buýsanjynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen sportunyň ýeten belent derejesi, türgenlerimiziň ajaýyp üstünlikleri, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ähmiýetli çäreler hakynda aýdylanda hem şeýledir. Milli sportuň galkynyşynyň nakgaşçylyk sungatynyň eserlerinde hem kämil derejede beýan edilmegi bolsa olaryň taryhyň sahypalarynda mynasyp ornuny tapmagynda uly orny eýeleýär. Çünki şeýle eserler uzak ýyllaryň dowamynda aýawly saklanyp, taryhyň ähmiýetli wakalaryny şol döwrüň gaýtalanmajak öwüşgini bilen geljek nesillere ýetirýär.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Milli sportuň sazlaşykly ösüşi, bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketiniň dabaralanmasy Watanymyzda ähli üstünligiň sakasy hasaplanýan sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň möhüm tapgyrydyr. Çünki saglyk bagtyýar ýaşamagyň gözbaşydyr. Halkymyzyň bu hakykata aýdyň düşünýändigi bolsa ildeşlerimiziň şeýle çärelere köpçülikleýin gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekdäki ähmiýetli çärelerinde giňişleýin şöhlelendi. Iri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlerimizi sylaglamak dabaralary, ajaýyp bäsleşikler hem-de köpçülikleýin sagaldyş çäreleri watandaşlarymyzyň köp sanlysynyň işjeň gatnaşmagynda geçdi. Şeýle çäreleriň iň naýbaşylarynyň biri hem noýabryň başynda Saglyk ýolunda guralan köpçülikleýin ýörişdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralan ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa bu wakanyň has möhüm ähmiýete eýe bolmagyny üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi jemgyýetimiz üçin sagdynlyga çagyryş, bagtyýarlyga çakylyk boldy.