"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sagdynlygyň sakasy

Berkarar Watanymyzda adam we onuň saglygy hakyndaky alada barha rowaçlanýar. Döwletimiziň kanunçylygynda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygynyň adamdygy ykrar edilýär, adam üçin wajyplygyň aňrybaşy onuň saglygyndadyr. Saglyk düşünjesi häzirki zamanyň garaýyşlarynda syntgylanylyp, adamyň beden, ruhy taýdan özüni kadaly duýmagyny aňladýar. Ýurdumyzyň esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi barada aýratyn bellenilýär. Şu jähtden ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi göz öňünde tutýan birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýeňiji belli boldy

Futbol Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny eýelemek ugrunda ýaryş geçirilip, oňa milli futbol çempionatymyzyň ýokary ligasynda çykyş edýän ýedi topar bilen Aşgabadyň «Altyn Asyrynyň» ýaşlar düzümi gatnaşdylar.

Sport. Sport. Sport.

Guwandyryjy ýeňişler Golaýda Murgap şäherindäki sport mekdebiniň meýdançasynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş 2007 — 2009-njy, 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda ýaş aýratynlyklary boýunça geçirildi. Bu bäsleşige biziň 6-njy orta mekdebimiziň okuwçylary hem gatnaşdylar.

Sport habarlary

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilelikde talyp gyzlaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirdiler. «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby Gözel Sazakowa birinji, şol bölümiň talyby Merjen Pollyýewa üçünji orunlary eýelemekligi başardylar. Ikinji orna bolsa Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Azatgül Rejepowa mynasyp boldy. Öňdäki orunlara eýe çykanlara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlara ýeňişler ýaran bolar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanlyja ýylyň içinde türkmen sportunyň ýokary derejedäki ösüşlere eýe bolýandygyna hemmämiz şaýat. Türkmenistanyň dünýäniň sport arenasynda mynasyp orny eýelemegi-de halkymyzyň ruhubelentliginden, bagtyýar ýaşaýşa we eziz Diýarymyza bolan söýgüsinden nyşandyr. Biz halypa tälimçiler hökmünde türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemekleriniň, üstünlikli çykyş etmekleriniň syryny ýurdumyzda olar üçin döredilýän çäksiz mümkinçiliklerde görýäris. Indi Diýarymyzyň haýsy künjegine barsaň hem ilki bilen döwrebap sport mekdepleridir stadionlar gözüňe ilýär. Olaryň ählisinde bolsa watandaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi ezber türgenler bilen bir hatarda sagdyn, ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly nesilleriň sanynyň artmagyna getirýär. Milli Liderimiziň sport ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriniň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň özeninde jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny berkitmek ugrundaky aladalar durýar. Bu bolsa sport ussatlarymyzy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede türgenleşdirmäge, okuw-türgenleşik işlerini talabalaýyk guramaga mümkinçilik berýär. Sagdynlygyň, yhlasyň bar ýerinde bolsa diňe şöhrata we üstünlige garaşybermeli. Ýaşamak, işlemek üçin şeýle aňrybaş mümkinçilikleri döredip berýän G

Garaşsyzlyk we türkmen sporty

Tomsuň söbügine düşüp geljek güýz beýik bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy güýzi bolar. Döwletli Diýarymyzyň toýa taýýarlanýan günlerinde şanly ýyllaryň ýüreklerde goýan ýakymly yzy barada pikir öwürmegiň hem üýtgeşik ýakymy bar. Çünki köpugurly ösüşler, öňegidişlikler — Garaşsyzlyk ýyllarynyň her bir gününe öz nuruny çaýdy. Dogrusy, «Garaşsyzlyk we türkmen sporty» diýlen düşünje boýunça, gerek bolsa, küti-küti kitaplary hem ýazyp bolar. Hususan-da, milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk edip gelýän döwrüniň içinde sportda ýetilen sepgitler, megerem, türkmen topragynyň tutuş taryhynda görüp-eşitmedik sepgitleri. Bu ýyllaryň esasy eçilen bagty bolsa, hemmeleriň «Sagdyn durmuş ýörelgeleri» diýilýän iňňän peýdaly ýörelgelere eýermegidir. Özi-de, hut, hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen.

Serhetçi türgenimiz Aziýa çempionatynda baýrak aldy

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistan döwletimiziň milli ýygyndy topary hem gatnaşdy. Sambo boýunça Aziýa çempionaty türkmen türgenleri üçin şowly ýaryşlaryň biri boldy. Onda milli ýygyndy toparymyzyň on üç türgeni baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda Döwlet serhet gullugymyzyň harby gullukçysy Babajan Iwadullaýew hem üstünlikli çykyş edip, söweş sambosy boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Bu eýýäm Türkmenistanyň ýaşyl Tuguny al-asmanda pasyrdadan serhetçi türgeniň halkara derejesindäki ýeňişleriniň nobatdakysydyr. Galyberse-de, bu üstünlikler ýurdumyzda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda harby gullukçylaryň sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Biz hem serhet gullugymyzyň ähli şahsy düzüminiň adyndan türkmen türgenlerini, hususanam, serhetçi türgenimiz Babajany gazanan nobatdaky ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, şeýle hem olara sport äleminde täze ýeňişleri arzuwlaýarys!

Saglygyň sakasy — sport

Pederlerimiz: “Hereket — bu durmuş” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ömrüňi uzaltmak üçin elmydama hereket etmeli, sport bilen yzygiderli meşgullanmaly. Sebäbi, işjeň hereketlilik adamyň bedenine, ruhuna oňaýly täsirini ýetirýär. Bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilende, adamyň gan aýlanyşygynyň kadalaşmagynyň netijesinde bedeniň kislorod we iýmit üpjünçiligi gowulanýar. Bu bolsa, ynsanyň özüni gowy duýmagyna, şähdiniň açyk bolmagyna getirýär. Sebäbi, sport ýaşaýşyň gözelligidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Halkyň saglygy hakynda alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzda: “Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär” diýlip kesgitlenilýär. Şu jähetden, Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi ilerledýän birnäçe kanunlar we maksatnamalar kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegiň, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, olaryň guramaçylyk-hukuk kadalary soňky ýyllarda kabul edilen “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hak

Ajaýyp ýeňişlere eýe bolýan türgen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda biziň sport mekdebimizde sportuň alty görnüşi hereket edýär. Mekdebimiziň ussat tälimçi-mugallymy, sportuň kik-boksing görnüşi boýunça Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär Çarygeldi Bekmyradowyň taýýarlan türgeni — Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň we Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymy, Türkmenistanyň sport ussady Şöhrat Ýagmyrow sportuň kik-boksing görnüşi boýunça ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Ol 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçirilen dünýä ýaryşynda I orny, Türkiýe döwletinde geçirilen halkara ýaryşda hem I orny, 2015-nji ýylda Latwiýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny, 2016-njy ýylda Estoniýa döwletinde geçirilen halkara ýaryşynda I orny eýeläp, ýurdumyza uly abraý getirdi. Şeýle hem ol dünýä we halkara derejesinde geçirilen ýaryşlaryň ençemesine gatnaşyp, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara eýe bolup, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýyny belende göterdi.

Sagdyn ýaşaýşyň serişdesi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 3-nji iýunynda Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa Komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyklar, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň netijesinde dünýä jemgyýetçiligi welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýlelikde, dünýäniň sport, jemgyýetçilik we maglumat toparlarynyň ýurdumyzyň tejribesini we Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu ug

Bütindünýä welosiped güni

Çagalar, hany aýdyň, näçerägiňiziň 3 ýaşlyja jigiňiz bar. Bilýän, jigi köpiňizde bardyr. Ýöne maňa diňe 3 ýaşlyjalar gerek. Şeýle jigileri bolan okyjylarymyz aramyzda hökman bardyr. Dogry, olar heniz «Güneşi» okab-a bilenokdyrlar. Diňe suratlaryny synlaýandyrlar. Žurnalda çap edilýän gyzyklyja ertekilerdir hekaýalary, goşgulary bolsa olara siz okap berýänsiňiz. Menem üç ýaşly birini tanaýan. Ýöne onuň bir aýratynlygy, ol — baýramçylyk. Özem bütin dünýäde bellenilýän baýram — Bütindünýä welosiped güni. Bu baýram siziň üç ýaşlyja jigiňiz bilen bir ýylda dünýä geldi. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzi ilkinji gezek bu baýramy belledi. Özi-de, hut biziň ýurdumyzyň — Türkmenistanyň başlangyjy bilen. Hut şol ýyl dünýäniň iň iri guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýany kabul etdi.

Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ösüş we innowasiýalar eýýamynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Köpçülikleýin sporta gyzyklanma, sport çäreleri ähli welaýatlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup ulanylmaga berilýän stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary, okuw jaýlarynyň sport zallary sporta höwesli ýaşlardan doly. Bularyň ählisi sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmekde hem-de halkyň geljegi bolan ýaş nesliň saglygyny goramakda, milli sporty halkara derejesine çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hem ýurdumyzda sportuň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistan halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Ýaý atmagyň ussady

2015-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy döredildi. Şol günden bäri hem ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Türgenleşiklerde nyşana dogry çenemek, eliň myşsalaryny güýçlendirýän we uzak aralykdan atmak başarnygyny kämilleşdirýän dürli maşklar jemlenendir.

Atly sportuň ezberi

Ulus-ilimiziň ykbalyndaky nurana bedewlerimiziň at-owazasy Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen älem-jahana ýaň salýar. Arzuwlara ganat berýän ahalteke bedewleriniň şöhraty bütin dünýäde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Atçylyk sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýewdir. Ol üç ýyl bäri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanyp gelýär. Dogany Begli Garajaýewden at münmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwrenen Ýazgeldi konkur boýunça ussat türgenleriň biri bolan Nikolaý Beglarýandan behişdi bedewi bilen öňde duran päsgelçilikden şowly geçmegiň, bäsleşik wagtynda atyň üstünde özüňi erkin alyp barmagyň inçe syrlaryny öwrenýär.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ussatlyk sapagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmekdäki alyp barýan işleri oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň, mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem olarda sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilmegi muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Sportuň aýrylmaz şahasy

Köpçülikleýin sportuň we bedenterbiýäniň aýrylmaz şahasyna öwrülen welosipedli ýörişler ýurdumyzda däbe öwrüldi. Bu ýöriş soňky ýyllarda aýratyn ýörgünli boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýanyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, Bütindünýä welosiped güni döredildi. Şonuň netijesinde hem her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň 56 döwleti Bütindünýä welosiped güni baradaky Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmenistan — sport ýurdy

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi we eziz Watanymyzda halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bu halkara ýörelgeleri mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda we döwletimizde sportuň okgunly ösdürilmegine, bu babatdaky durmuşa geçirýän işlerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky sport diplomatiýasy uly üstünliklere eýe bolýar. Sport — durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly güýç bolup durýar.

Sport habarlary

Badminton Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda badminton boýunça 2009—2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

Häzirki döwürde berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu zatlar ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda hem möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar». Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler bu ugruň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyndan nyşandyr.

Sport habarlary

Magtymguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň etrap bölümi ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirdiler. Oglanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça guralan bäsleşikde 2-nji orta mekdepden Umyt Durdyýew, 19-njy orta mekdepden Rahat Batyrow, 1-nji orta mekdepden Durdy Täçmyradow dagy degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň gatnaşmaklarynda 60 metr uzaklyga ylgamakda şeýle netijeleri degişlilikde 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýla Sarçaýewa, 19-njy orta mekdepden Ogulgerek Annaýewa, 1-nji orta mekdebiň türgeni Gözel Ahadowa görkezmegi başardylar.