Manysy içinde, çözgüdi daşynda
Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir» diýip belleýär. Muny halkymyzyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden şahyryň tapmaça häsiýetli goşgulary-da aýdyň görkezýär. Geçmişde Gündogar edebiýatynda tapmaça häsiýetli goşgulary döretmek edebi däbe öwrülipdir. Magtymguly bu däbe eýerip birnäçe goşgulary ýazypdyr. Beýik söz ussadynyň döwet galamynyň astyndan çykan «Kaýdadygy bilinmez» şygry şeýle goşgularyň biridir. Bu goşgynyň çözgüdi dürli ýyllarda alymlaryň, milli mirasymyzy öwrenijileriň ünsüni özüne çekip geldi. Alym Muhammetnazar Annamuhammedow, Annadurdy Eýeberen ogly bu ugurda dürli çözgütleri okyjylara hödürledi.