"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Dünýä nusgalyk tutumlar

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Dünýäni haýran edýän şeýle öňegidişlikler halkymyzy çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa ähli ulgamlarda dowam edýän tutanýerli hem yhlasly zähmetde, ýokary iş öndürijiliginde aýdyň görünýär. «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Hut şu maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny ýörelge edinýän halkymyz ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri gazanmagy öňünde borç edip goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilýär we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Datly bakja önümleri

Bol hasylyň aladasy Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök, bakja we miwe önümleri bilen doly üpjün etmek baradaky talaplaryna mynasyp zähmetleri bilen jogap bermegi maksat edinýän welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda, beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde, bakja ekinleriniň hem bol hasylyny ösdürip, kemala getirmegi başarýarlar. 

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil ulgamyň mümkinçilikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berýär. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Demir ýol geçelgesindäki jogapkärçilik

Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demir ýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýolundan diňe demir ýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demir ýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygynyň, çyzgytlaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdygyna göz ýetireninden soň geçmelidir. Welaýatymyzyň çäginde demir ýol geçelgeleriniň birnäçesi hereket edýär. Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan şol demir ýol geçelgelerinde hereket howpsuzlygynyň bellenilen kadalarynyň doly berjaý edilmegine gözegçiligi ýola goýýarys. Şunda ýollaryň demir ýol geçelgeli jogapkärli böleginde hemişe hüşgär bolunmagyna aýratyn üns berýäris. Şundan ugur alybam gözegçilerimiz tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki demir ýol geçelgelerine yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar. Şu çäreleriň netijesinde demir ýol geçelgeleri bilen bagly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijeler gazanylýar.

Ol günler...

Ol günler bireýýäm uzakda galdy, Ondan soň erikler ýaýdy gülün kän.

Bolan waka

Razy etmek Türkmençilikde birek-biregi razy etmek, alan zadyňy ýerine salmak diýen ýaly gowy däpler bar. Men gulpagymy tasadyp ýören gyzjagazkam mellegimizde gowy erikler bardy. Bir gün Akga ejem (gaýtarmaka adamsy urşa gidip gelmedik) iki bedräni süýji erikden dolduryp: “Ýör, gyzym, Nurly agalara erik dadyryp geleli” diýip, menem yzyna düşürip alyp gitdi. Öz obamyzda bolsa-da aralyk ep-eslije bar eken. Akga ejem öýüň ýaşulusyny çagyrdyp gepleşdi. Meniň gulagymda galany onuň: “Razy bol, Nurly kaka!” diýen sözi boldy. Ol ýaşulynyň hem: “Wah, gyzym, men onsuzam razy ahyryn, ol ýyllar nämeler bolmaýardy” diýen sözi hakydamda galdy.

Halkyň hazynasyndan

Ýekeperi Tomsuň jöwzasynda seleň saýasy, salkyn şemaly hezil berýän köne gala barman, taýagatym beýle-de çertek dikdik. Harabanyň kölegesinde şemallaýan geçilere gözüm gidip oturşyma Aran çopandan näme üçin harabanyň kölegesine barmadygymyzy soradym. Ol dil açdy:

Pähim, paýhas, parasat

Matematika ylymlaryň şasydyr, arifmetika bolsa matematikanyň şasy. Ýaltalyk garyplygyň başlangyjydyr.

Şadyýan tomus — 2024

Bal çagalar şat ýaýnaýar diýarda Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Mekdep okuwçylary döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga gidýärler. Biz hem çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýollanma esasynda olary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradýarys.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwletmyrat AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň kadalary barada gürrüň bermegi haýyş etdi. — Tomus aýlarynyň yssy günleriniň başlanmagy bilen öri meýdanlarynda otlar gurap başlaýar. Şeýlelikde, meýdanlarda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagyna örän amatly şertler döreýär. Ýangyn hadysasy raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdur. Ýangyn hadysasy öri meýdandaky otlardan başga-da, däne ekinlerine, tokaýlara, sazakdyr çerkezlere zyýan ýetirýär. Şol sebäpli öri meýdanlarda ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin şulary maslahat berýäris:

Geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has-da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär.

Arkadagly Serdaryň saýasynda

Asudadyr, agzybirdir halkymyz,Arkadagly Serdaryň saýasynda.Bagtly hem-de şat geçýändir wagtymyz,Arkadagly Serdaryň saýasynda. Hyjuwlydyr, gujurlydyr ýaşlary,Maksatlary belent, belent başlary,Bir suprada taýýar kylnar aşlary,Arkadagly Serdaryň saýasynda.

Gülle, medeniýetim, sungatym meniň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek ugrunda uly alada edilýär. Rowaçlygyň nurana ýoluna düşen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösýär, kämilleşýär. Muny ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap medeni ojaklarda ýola goýlan medeni hyzmatlarda, medeniýet we sungat işgärleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, halka ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýyl döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz festiwallarynyň geçirilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Diýarymyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna mümkinçilik berýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýär, Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde örän guramaçylykly we dabaraly geçirilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-d

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlyk babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Tomus paslynda bedeniň sagdyn bolmagy üçin

Her bir paslyň öz aýratynlygy bolýar. Tomus pasly babatda hem şeýledir. Bu pasylda berjaý etmeli düzgünler we iýmit kabul ediş kadalary bar. Bedeniň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin howa aýratynlygyna üns bermeli. Bilşimiz ýaly, tomusda yssy, gyzgyn, güneşli howa köp bolýar, howanyň derejesi üýtgäp durýar. Bu bolsa adama täsir edýär. Gün şöhlesi D witaminini emele getirýär. Gün adamyň immun ulgamyny gowulandyrýar, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne Günüň aşagynda köp durmak hem zyýanlydyr. Şonda Gün urma hadysasy bolup geçýär. Ol howanyň gaty gyzmagy, Gün şöhleleriniň ýitileşmegi netijesinde ýüze çykyp bilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam işlände, dynç alşa gidende, suwa düşende, Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden goranmalydyr. Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin amatly wagt ir säher sagat 6-dan 9-a çenlidir. Günortan açyk Günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Kelläňe başgap geýmegi, gözüňe Gün şöhlesinden goraýan äýnek dakynmagy, saýawan ulanmagy ýatdan çykarmaly däl.

Jana melhem deňiz suwy

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde deňizde suwa düşüp, dynç almagyň aýratyn bir lezzeti bar. Güneş, çäge, duzly deňiz  suwy we howasy tebigy dermanhana bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, deňiz suwy adam bedeni üçin peýdaly maddalara baýdyr. Onuň bejerijilik häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Gippokrat süňk döwülmeleriniň tiz bitmeginde, myşsa we bil agyrylarynda deňiz suwunyň peýdalydygyny belläp geçipdir. Deňiz suwunyň düzüminde minerallaryň 90-a golaý görnüşi bar. Olardan kaliý, magniý, kalsiý, brom bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine itergi berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar. Deňizde suwa düşmek adam bedenine oňyn täsir edýär. Immunitetiň berkemegine, gan aýlanyşynyň kadalaşmagyna, respirator kesellere garşy durujylygy ýokarlandyrmaga, deriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bularyň ählisi deňiz suwunda ergin haldaky peýdaly maddalaryň adam bedenine göni täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülende, bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär. Deňiz suwunda ýod köpdür. Munuň özi galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi ýokarlanýar.

Iýmit arassaçylygy möhüm talapdyr

Sagdyn iýmitlenmek sagdyn ýaşaýşyň çeşmesidir. Howanyň yssy günleri iýmit arassaçylygyna aýratyn üns bermeli. Käbir iýmitler tiz zaýalanagan bolýar. Şonuň üçinem olaryň saklanyş düzgünlerini berk berjaý etmeli. Iýmitiň görnüşleriniň köpdürlüligini üpjün etmek maksady bilen, iýmitde ýokumly maddalara, witaminlere baý bolan miweleri we gök önümleri yzygiderli ulanmaly, zyýanly doýgun ýag turşularyna baý bolan mal ýaglaryny peýdaly ösümlik ýaglaryna çalyşmaly. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Olar çagalaryň boýunyň ösmegi, kelle-beýni öýjükleriniň gurluşy üçin peýdalydyr. Ýaglar A we D witaminlerini doly özleşdirmek üçin zerurdyr. Olar ösüp barýan beden üçin zerur bolan fosfatitleriň we ýag turşularynyň çeşmesidir. Bedeniň ýaga bolan islegi beloga bolan islegi bilen deňdir. Ýöne ýaglaryň köp, çendenaşa kabul edilmegi ýürek-damar, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly kesellere getirip bilýär. Howanyň yssy günlerinde adamyň suwa bolan islegi öňkülerinden artýar. Adamlara gazlandyrylan, dürli reňkli içgileri köp içmeklik maslahat berilmeýär. Onuň deregine sowadylan, gaplanan arassa agyz suwuny, gök çaý içmeli. Şeýle hem kremli, yssy howada tiz zaýalanýan konditer önümlerini aşa köp iýmekden saklanmalydygyny ýatladýarys. Ýokarda agzalan önümlerde şekeriň mukdarynyň bellenilen kadalardan köp bolmagy saglyga uly zyýan ýetirýär. Olar çaga döwründen semizligiň ýüze

Kädi çigidi

Kädiniň adam saglygyny goramakda we berkitmekde peýdasynyň bolşy ýaly, onuň çigidi hem peýdalydyr. Kädi çigidi beloga, peýdaly ýaglara, kletçatkalara, antioksidantlara we beýlekilere baýdyr. Onda E, K we B toparynyň witaminleri bar. Munuň özi onuň dermanlyk häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Kädi çigidi ýürek-damar ulgamyna peýdaly bolmak bilen, gan basyşyny we gandaky süýjini kadalaşdyrýar. Hatda ol saç düşmeginiň hem öňüni alýar. Serbiýaly alymlar kädi çigidiniň ýagynyň ýürege peýdalydygyny subut etdiler. Kädi çigidi ýadawlygyňy aýyrýar, onda magniniň köp bolmagy nerw ulgamyna täsir etmek bilen, ukyny kadalaşdyrýar, sagdyn immun ulgamynyň, durnukly ýürek urşunyň bolmagyna ýardam edýär, süňkleri berkidýär. Onuň sowuklama, mikroblara garşy we peşew çykaryjy tebigy serişdedigini bellemek gerek. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrmakda, gandaky holesterini azaltmakda, gan aýlanyş ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda we gan damarlaryny giňeltmekde haýyrlydyr. Horlanmak isleýänler üçin hem peýdaly önümdir.

Bedew münen hassa bolmaz

Ippoterapiýa (atly terapiýa) atly gezmek ýagdaýynda adam tarapyndan ýerine ýetirilýän bejeriş bedenterbiýesidir. Bu ugurda gadymy döwrüň alymlary hem öz ýazgylarynda belläp geçipdirler. Gippokrat sussupes, tukat adamlara atyň üstünde gezim etmegi maslahat berip, onuň erbet pikirlerden daşlaşdyrýandygyny aýdypdyr. XVIII asyrda ensiklopediýaçy Deni Didro öz eserinde: «Beden maşklarynyň arasynda birinji orun at münmeklige degişlidir. Onuň kömegi bilen köp sanly keselleri bejerip bolýar, hatda olar ýaňy ýüze çykyp başlanda, öňüni almak hem mümkindir» diýip belläp geçýär. Türkmen nusgawy şahyry Seýdi hem «Üsti bedewiň» atly şygrynda: Bedew münen hassa bolsa sag olur, Çeşmi hyra bolur, keýpi çag olur,Köňli hup açylan täze bag olur,Gunça-gülüstandyr üsti bedewiň —

Ýaş nesil hakyndaky alada

Tomus — 2024 Çagalar biziň geljegimizdir. Olar adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň geljegi saýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak boýunça ygtybarly durmuş şertleri döredilýär.