"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Zenanlar ýaşaýşyň gözbaşydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher zenanlar bölüminiň guramagynda geçirilen duşuşyga şäher we etrap zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we kümüş saçly eneler gatnaşdy. Baý many-mazmuna eýe bolan wagyz-nesihat çäresiniň esasyny zenan mukaddesligi, ýaşlarda asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, düzgün-tertip, türkmen zenanyna mahsus edep-ekram, ahlaklylyk we milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamak ýaly möhüm ugurlar düzdi. Hakykatdan-da, eziz enelerimiz akyl-paýhasyň öýi bolup, olaryň maşgalada, jemgyýetde tutýan orny juda uludyr. Geçmişe göz aýlanyňda hem, gelin-gyzlarymyz örän akylly, paýhasly bolup, olaryň maşgalada mertebesi belent bolupdyr. Maşgalany abat saklamak, çaga terbiýelemek, el işlerini nepislik bilen ýerine ýetirmek ýaly möhüm işlerde özleriniň uly ussatlygyny görkezýän türkmen zenanlary häzirki wagtda abadan durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar döwre buýsanýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ýürekleri buýsançdan, mähirden doly zenanlar barada edilýän aladalar döwlet derejesine çykaryldy. Zenan maşgalalar döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň belent ösüşler bilen öňe gitmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bul

Düýe malym — dünýe malym

Gadymy zamanlardan bäri, Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky söwda maksatly kerwen ýollarynyň iň esasy orny düýelere degişli bolupdyr. Çünki olar özleriniň çydamlylygy bilen aňyrsy görünmeýän uç-gyraksyz ymgyr çölleri aşyp, uzak ýollary geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanypdyr. Olar sähralykda azaşmaýarlar, suwsuz heläk bolmaýarlar. Düýeler uzak ýurtlaryň arasynda diňe söwdanyň däl, eýsem, ylmyň, bilimiň, sungatyň, diniň, senetçiligiň ýaýramagynda we ösmeginde örän uly orna mynasyp bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoluny düýesiz göz öňüne getirip hem bolmandyr, olar ýöne ýere «çöl gämisi» diýlip atlandyrylmandyr. Düýeler suwsuz iki hepde, iýmitsiz bir aýa golaý oňup bilýän jandardyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, düýeler köp wagtyň dowamynda suw içmeseler hem olaryň gany goýalmaýar. Düýeler iýmitlenmekde hem ýandak, sazak we gyrymsy agaçlaryň pürleri ýaly gurakçylyga çydamly ösümlik bilen oňup bilýärler. Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halk döredijiliginde, folklorda, ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda düýelere degişli birnäçe aýtgylar bar. Olaryň mazmunynyň dürli-dürlüligine garamazdan, düýeler pähimli, asylly, adalatly, çydamly, namysjaň, baýlyk we rysgal getirýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, «Akpamyk» atly ertekide ak maýanyň süýdüniň keramaty beýan edilýär.

Sahawat

Birkemsiz ukusyny alyp, irden oýanan Magtymguly ýerinden galdy-da, ýumşak basyşly gadamy bilen, hüjräniň açyk duran derejesiniň öňüne bardy. Daşardan gelýän tämiz howanyň badyna ýüzüni tutup, ep-esli eglendi. Hüjredeş dosty Maşak Hywaly Magtymgulynyň «Boýlaryňa» atly goşgusyny heňe salyp hiňlenýärdi. Ol birdenem sesini tapba kesip: — Halypa, men size bir mysapyr bendäniň naçar gyzyna aşyk bolanymy ho-ol baýakyda aýdyp beripdim-ä! — diýip, hamala diýersiň ho-ol diwaryň burçundan arzyly magşugy bärsine bakyp, jyklap duran ýaly heýjanly dillendi. Magtymguly bärik ýöräp gelşine:

Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmeginde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Golaýda Gazagystanyň paýtagty Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 24-nji liderler sammiti geçirildi. Döwletleriň 16-synyň gatnaşmagynda geçirilen bu sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada çuň mazmunly çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitindäki çykyşynda: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän we onuň bilen işleşýän halklar we döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar, dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip nygtamagy milli diplomatiýamyzyň özeninde ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

... Zähmetde gözellik bar. Tamdyrda çörek ýapýan, ig egirýän, ýüpek işýän zenan keşplerinde, eli pilli ýer depýän daýhanyň, baga timar berýän bagbanyň, uzakly gününi körügiň başynda geçirýän demirçi ussanyň keşbinde durmuşyň iň owadan, nusga alynmaly pursatlary jemlenendir. Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Çünki zähmet daragty adamyň özünde bolup, ol adamyň tebigy ukybynyň endik bilen özleşdirilmeginiň netijesidir. Bir adam ömürboýy hazyna gözläp, çölleri, daglary agtarypdyr. Aslynda hazyna onuň howlusynyň bir çüňkünde gömülgi eken diýip, ýaşulular gürrüň bererdiler. Şu tymsal hem özüňde bar bolan, elýeterli mümkinçilikleri özleşdirmegi ündeýär, ata-babalarymyz: «Işikden tapsaň, töre geçme» diýipdirler. Munuň birinji bölegi biziň özümizdäki özleşdirilen, ozalky bar ukyplardyr we mümkinçilikler, ikinji bölegi soň özleşdirilmeli, gazanylmaly mümkinçilikler hakyndadyr. Ilki bilen edip bolýan, gözüňe görnüp duran mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmalydyr. Çünki özüňde bar zat, başga ýerden gözlenilmeýär.

Rowaç işleriň mekany

Rowaçlyga eltýän ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen beýik ösüşleri külterleýän ata Watanymyzyň her güni şatlykly habarlara beslenýär. Ynha, şolaryň birisi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanydyr. Möhüm resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde aýdyşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösdügisaýyn ynsanperwer syýasat şonça-da giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada getirilen maglumatlar hem biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Halkyň ýürek buýsanjy

Düýpli özgerişlikler bilen täze menzillere Hökümetiň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Buýruga gol çekip, üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamagy bilim işgärleridir ýaşlary uly tolgunmalara besledi. Şeýlelikde biziň ýokary okuw mekdebimizde hem dalaşgärlerden resminamalary kabul ediş möwsümine badalga berildi.

«Aşgabat» — arzyly mekan

Tomus paslynda paýtagtymyzyň çägindäki gür bagly seýilgähleriň arzysy birbaşga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen Aşgabadyň ak mermerli belent binalarynyň sapaly seýilgähler, tebigy zolaklar bilen sazlaşykly keşbi bu gün göreniň göwnüni galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň çäginde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň rahat dynç almagy üçin döredilen seýilgäh zolaklarynyň ençemesi bar. Şäher ýaşaýşynyň şertlerinde ynsany tebigatyň ajaýyp dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýan seýilgähler ýylyň ähli paslynda hem adamlara ruhy lezzet paýlaýar. Şolaryň iň meşhurlarynyň biri «Aşgabat» seýilgähi hem köpleriň, aýratyn hem, tomusky dynç alşyny şadyýan geçirýän çagalaryň arzyly mekany. 1887-nji ýylda düýbi tutulan seýilgäh diňe bir paýtagtymyz bilen adybir bolman, eýsem, ýaşy boýunça hem deňeçerdir. 2014-nji ýylda durky düýpli täzelenip, gaýtadan halk köpçüligi üçin açylan «Aşgabat» islendik ýaşdaky raýatlaryň uly höwes bilen dynç alýan ýeri. Paýtagtymyzyň merkezi köçeleri bolan Türkmenbaşy we Magtymguly şaýollarynyň ugrunda ýerleşýän seýilgähe şäheriçi awtobuslaryň köpsanlysynyň üznüksiz gatnawy ýola goýlan. Ýylyň islendik paslynda bolşy ýaly, köp adamly seýilgähde tomus paslynyň joşgunly günlerinde, asuda agşamlarynda hakyky dynç alyş şatlygy emele gelýär.

Döwrümiz şanly ösüşlere beslenýär

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylyp, oňa ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen girişileni ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursak, ondan bäri alty aý, ýagny, ýylyň ýarysy geçipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş-özgerişinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan netijeleri seljermäge-de esas berýär. Eýsem, welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda nähili görkezijilere eýe bolundyka? Şanly ýylyň geçen döwründe bitirilen işler, gazanylan önümçilik görkezijileri tutuş ýyly şowly jemlemek üçin berk binýadyň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 11 milliard 950 million manatdan gowraga barabar boldy. Öndürilen önümleriň 3,1 milliard manatlykdan gowragy ykdysadyýetiň döwlet bölegine degişli boldy. Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depginleriniň nebit, himiýa, un üweýji-ýarma dürüşdelenen iým we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele gelendigi bellärliklidir. Hasabat döwründe aýry-aýry senagat önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolundy. Şu ýylyň tamamlanan alty aýynda geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä önümleriň öndürilişiniň artyş depgini benzin, nah ýüplük, sement, şöhlat önümleri we beý

Lebaply gallaçylaryň uly zähmet ýeňşi

Hoş habaryň ganaty bar. Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan zähmet ýeňşine beýleki welaýatlar bilen birlikde lebaply gallaçylar hem uly goşantlaryny goşdular. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Gallaçylarymyz öz gazanan zähmet ýeňişlerini Milli Liderimiziň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän oba hojalyk özgertmeleri bilen baglanyşdyrýarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde her ýylda 1 million 400 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň şu azyklyk önüme bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şonuň bilen sazlaşyklylykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty hem has rowaçlanýar. Azyklyk önümleriň iň naýbaşysy bolan çöregiň bolçulygyn

Ömür süresiň geler

Aşgabada baryp gördüňmi, dostum?Baryp görseň, ýene barasyň geler.Beýik eždatlaryň öňünde durup,Edep bilen salam beresiň geler. Öň gezen ýerlerňi tanap bilmersiň,Mermer jaýlaň gatyn sanap bilmersiň,Geçen günleriňden nadyl bolmarsyň,Ýene kyrk ýyl ömür süresiň geler.

Daýhanlaryň daýanjy

Ereşbaý ÝAÝLYÝEW, Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Mynasyp paýymyz bar

Merdan HAKYÝEW, Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň başlygy:

Arzyly sepgide yhlas bilen ýetildi

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ösüşleriň belent menzillerine tarap ynamly öňe barýar. Janypkeş daýhanlaryň yhlasly zähmetine, kämil tehnikalaryň kuwwatly güýjüne daýanylyp, bu pudakda ýylsaýyn ýokary üstünlikler gazanylýar. Janypkeş babadaýhanlar ene ýerden gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagy başarýarlar. Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyny hem netijeli jemlediler. Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky görkezen netijeleri hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Ilkinjileriň hatarynda şeýle zähmet ýeňşini gazanmagyň syrlary hakynda daýhan birleşiginiň başlygy Serdar Hudaýberdiýew bilen söhbetdeş bolduk: — Serdar, söhbedimizi türkmeniň akyldar şahyrynyň adyny göterýän daýhan birleşigiňiziň bugdaý hasylyny ýetişdirmekde şu ýylky gazanan sepgitlerinden başlaýaly.

Jahan içre mertebeli

Mukaddes Garaşsyzlyk asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak barada arzuw edip gelen halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bagtyýarlyk gülüp bakan halkymyz öz döwletine eýe bolup, özbaşdaklyk, erkinlik ýoly bilen ösüşleriň rowaçly ýoluna düşdi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Türkmenistan halkara bileleşiginiň deňli-derejeli, mertebeli agzalarynyň birine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi aýratyn orunda durýar. Nesip bolsa, geljek ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen bu hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy halkara derejesinde giňden baýram ediler. Bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek tutumly çäreler, dabaralar ata Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony has-da giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyga, özara düşünişmäge ygrarlydygynyň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolar.

Buýsançnama

Paýhas bilen gurlup, görke gelensiň,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy!At-abraýy bütin dünýä dolan sen,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy! Has görklendiň bagtyýarlyk döwürde,Gijeler Aý, gündiz Gün dek lowurda,Tylla täç sen gadym owadan ýurda,Aşgabadym, sen ylhamyň gözbaşy!

Eksport kuwwaty artýar

Berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik beketleri bilen yzygiderli ýetirilip dur. Energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgerişlikleriň durmuşa geçirilmegi iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberini goňşy döwletlere ugratmaga hem mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň görnetin artmagy döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen, türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça ibermegiň mö

Ak mekdepde ak arzuwlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmeklige gönükdiren döwletli işleri ýaşlary kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi indi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler bu nurana baýramyň şanyna Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk täze, döwrebap orta mekdebi işe girizmek bilen bagly taýýarlyk işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Biz etrap merkeziniň ajaýyp künjeginde gurulýan bu binada işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Bizi öň hem kän binalaryňdyr, desgalaryň gurluşygynda öz başarnygy bilen adygan gurluşykçy, häzirki wagtda bu ýerdäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Sapa Esenow güler ýüzli garşylady. Ol sözüniň başynda özüne şeýle jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin bar ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýändigini we özlerinden garaşylýan tamany ödejekdigini ynamly belläp, gurluşyk işleriniň gidişi hakynda şeýle gürrüň berdi:

Şygryýet dürdänesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän gelýän «Saglygym — baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly giň many-mazmuna ýugrulan pähimleri döwlet syýasatymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň möhüm ýörelgesi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijiliginde hem ynsan saglygyna degişli dürdäne setirlere köp duş gelmek bolýar. Akyldar şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan saglyk, ony gorap saklamak ýaly pikirler giňden öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen nakyla öwrülen setirleri saglygy gorap saklamagyň şygaryna öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ündewlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan saglyk syýasaty ynsan saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Ynsan saglygyny gorap saklamagyň esasy şertleriniň biri sagdyn iýmitlenmek ýörelgesidir.

Baglar — ömrümiň manysy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ganatly şygaryndan ruhlanyp, men bereketli topragymyzda miweli baglary köpeltmek ugrunda derwaýys işleri alyp barýaryn. Häzir meniň şahsy mellegimde daşary döwletlerden getirilen miweli baglaryň 130-a golaýy bar. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatyndan getirilen içi çigitsiz üzümleriň «Awatar», «Helloin» görnüşlerini, Italiýadan getirilen gara erigi, Fransiýada we Moldowada bitýän «UFO-4» görnüşli şetdalyny, garalynyň dürli görnüşlerini, aýratyn-da amerikanlaryň «Berbanik» atly äpet garalysyny belläsim gelýär. Bu baglaryň aglabasy indi birnäçe ýyldan bäri bol hasyl berýär.