"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

BELENT MAKSATLY ÝAŞLAR

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça-da degişli resminamalara gol çekdi. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän ýaşlardan resminamalaryny kabul etmek işine Ahal welaýatynda-da guramaçylykly girişildi. Welaýat häkimligi we welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilim ulgamyndaky möhüm çäräniň geçiriljek ýerleri öňünden talabalaýyk taýýarlanyldy, degişli serişdeler, enjamlar bilen üpjün edildi. Bu bolsa degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň göwnejaý işlemegine oňyn täsirini ýetirýär.

TEBIGATY GORALYŇ!

Gyzgyn howaly günlerde öri meýdanlarynda ýangyn howpunyň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallyk howpunyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdakylary ýatladýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň, suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.

Aýdyň maksatlar — aýdyň menziller

Berkarar döwletimiziň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny pugtalandyrmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlary nazarlaýan tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalaryň her biri göwünlere ganat bagladýar. Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi bolsa ösüşlere tarap barýan ýolda halkymyzyň öňünde anyk maksatlaryň, kesgitli wezipeleriň goýulýandygy, olary amala aşyrmak üçin mynasyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňümizdäki alty aýynyň hem il-ýurt bähbitli işlere, üstünliklere, halkara ähmiýetli wakalara beslenjekdigine hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylanlardan hem göz ýetirdik. Geçirilen giňişleýin mejlisde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda durmuşa geçirilen işleriň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda öňde durýan wezipeler hem kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hormatly Prezidentimize beren hasabatlary geçen ýarym ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini äşgär görkezdi.

Söýenim, söýenjim sensiň, Watanym!

Watan — mukaddeslik. Muny her owazymda, her şygrymda, bendimde, setirimde gaýta-gaýta ýatlaýandyryn. Bizi giň gujagyna sygdyryp, goýnunda ýaýnadýan, ýaşadýan eziz Watanyň gadyry-gymmaty başgaça. Ol mydama ýüregiňde, köňlüňde. Oýuň ol, pikiriň ol. Nirede ýörseňem, neneňsi ahwalda bolsaňam, Watan hemişe ýanyňda. Uzak menzillere rowana bolup, ummany aşanymda, «Ýanymda Watan» atly şygrymy ýazanym ýadymda.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Düýpli özgertmeleriň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly başyny başlan tutumlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze depginlerine eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany kabul etmegi hem hormatly Prezidentimiziň dünýäniň durnukly ösüşiniň strategik meseleleri bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlarynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli ugurlar boýunça alnan belent badyň ýylyň-ýylyna durnukly ösüş depginini saklaýandygyna bolsa hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Mejlisde şu ýylyň alty aýynda edilen işler barada hormatly Prezidentimize berlen hasabatlarda geçen alty aýda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy aýdyldy. Bu görkezijiniň senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime deň bolandygy ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçir

Paýhasa eýlenen haly

Ýaňy-ýakynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçylary Annanabat Durdyýewa, Enegül Allanurowa, Çemen Begdekowa dagy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy dokalan halyny kesdiler. Haly suratkeşi Altyn Muhammedowanyň taýýarlan çyzgysy boýunça dokalan halynyň boýy 1.60 metr, ini 2.04 metr bolup, umumy meýdany 3.26 inedördül metr. Onuň her inedördül metrinde 400 müň çitim çitilip, erşi tirjinden, çitimlik ýüpi saryja goýnuň ýüňünden egrilen ýüplük, argajy ýüpekdendir. Ýeke argaçly ýar:a çitimli usulda dokalan halyda 94 sany dürli reňkli ýüplükler ulanylypdyr. Halynyň merkezinde ýerleşdirilen dagyň ýüzüne Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy altynsow reňkdäki ýüplükler bilen çitilipdir. Onuň gyrasyna bäş welaýatymyzyň haly gölleri bilen birlikde «aşyk», «ýaşyl goçak», «alaja» nagyşlary salnypdyr.

Dost kalbynyň älemgoşary

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyna badalga berildi Häzirki bagtyýar günlerimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň medeni maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň çar künjeginde dana Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly halkara maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär. Bu çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri-de gatnaşýar.

Zehinlä zowal ýok

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasy aýdym-saz sungatynda halypalaryň mesgeni hasaplanýar. Olardan Täçmämmet Suhangulyýew, Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow, Nurmyrat Annaýew, Çary Täçmämmedow, Ata Esadow ýaly halypalary agzap geçsek ýerine düşer. Bu obada kemala gelenleriň birine Gurbanguly Nuryýew diýýärler. Aýdym-saz sungatyna ýaşlykdan imrinen bu halypany men indi ýarym asyr gowrak wagt bäri tanaýaryn. Gurbanguly Nuryýew 1946-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan kakasy Nurgeldi aga obada daýhançylyk bilen meşgullanýar. G.Nuryýew 1953 — 1963-nji ýyllarda Ýaňgala obasyndaky 5-nji orta mekdepde okaýar. Ýüregi aýdym-saz diýip urýan ýaş ýigit 1964-nji ýylda Aşgabatdaky şol wagtky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň hor dirižýoryny we aýdym-saz mugallymyny taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň halk artistleri Aşyr Kulyýew, Durdy Nuryýew sazyň inçe syrlaryny öwredýärler.

Akyldardan ganatlanan mukamlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa we gurallama bölüminiň uly mugallymy Meret Annamyradowyň döreden saz eserleriniň içinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan täsirlenip ýazan sazlary uly orun eýeleýär. M.Annamyradow 1999-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň we Mollanepesiň goşgulary esasynda «Täleý» atly dört bölümden ybarat kantatany ýazýar. Bu kantatada hor esasy sütün bolmak bilen, ol şu žanrda ýazylan saz eserlerinden tapawutlanýar. Kompozitor bu eseriň birinji bölüminde şahyryň «Yzlamaýan bolarmy?», ikinji bölüminde «Näler görüner», üçünji bölüminde Mollanepesiň Magtymgula bagyşlan «Pyragy», dördünji bölüminde akyldaryň «Türkmeniň» atly goşgularyny ulanypdyr.

Şygryýet

Saýra, dutarym! Unutman ussat ýoluny,Saýra, dutarym!Owaz eýläp sag-solumy,Saýra, dutarym!

Ýabany balyň tagamy (Hekaýa)

— Olary wagtal-wagtal täze ýere göçürip durmagy Orazmyrat bilen dilleşipdim. Hä, bir zat boldumy? — Bolmasyz iş bolupdyr... — diýip, çekene çopany gynançly dillendi. — Sil siziň balary gapyrjaklaryňyzyňam üstünden gelip, ählisini jülgäniň düýbüne gapgarypdyr. Olar şol ýerde çalam-çaş bolup ýatyr.

Arzuw (Oýlanma)

Iň gymmatly zatlar — gadyry, zerurlygy bilinýän zatlar. Çagakam meniň üçin gurjak edinmekden uly arzuw ýokdy. Men şony alyp berýänçä, ejeme igenerdim. Bar zadyň günäkäri şol ýaly, her bir arzuw edýän zadymyň wagty bilen alnyp berilmeýändigi üçin ejemiň ýanynda iňirdärdim. Öýkelesemem şondan öýkelärdim. Elbetde, arzuw edilen zatlaryň alnyp berlenlerem bar. Ýöne şolaryň haýsy bolaýanda-da, iňirdilerimiň soňy gelmezdi. Sebäbi bir arzuw tamamlanany bilen, onuň ornuny başga bir isleg eýeleýär. Ol arzuwlar bilen baglanyşykly iňirdileriň öňünde durmalam ýene ejeňdir. Sebäbi şondan başga seniň igenjiňi, näziňi beýle uzak wagtlap ýadaman çekjek ýok. Ol welin halys bitirip bilmejegine gözi ýetip duranam bolsa, seniň haýyşyňy boş goýmajak bolar. Iň bolmanda, seniň şol arzuwyňa ýetip bilmejegiňi aňdyrmajak bolup jan eder. Şeýder-de dowam eder barar. Wagtyň geçmegi bilen, seniň iňirdi gezegiň geçer-de, ornuňy kiçiler — jigileriň eýelär. Uçurym bolan sülgün çagasy kimin ulalyp, başga bir ýerlerde özbaşdak höwürtge gurnanyňdan soňam, aram-aram ataň öýüňe baranyňda, ejeň yssysy gurşan ojaga gadam basanyňdan, garry öýe däl-de, çagalygyňa dolanana dönersiň. Göýä çagalygyň alysda galan tagamyny bir pursatlygam bolsa, täzeden duýmak üçin edýän ýaly, birmahallar şu ojakda galdyryp giden näziňi edip goýberersiň. Nämedir bir zatdan öýkelän bolarsyň. Durmuş sahnasynyň bujagaz bölüminiň aňyrsynda diňe

Täze kitap

Söýgi serpaýy Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Ahmetberdi Mededowyň kyssadyr goşgularyny özünde jemleýän «Yşk dünýäsiniň gujagynda» atly täze kitaby çapdan çykaryldy. Şahyr hem bagşy A.Mededow bu ýygyndyda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle-de sözüň hem sazyň gudraty bilen kämil eserleri miras goýan ozan, şahyr Garajaoglanyň ýaşlyk ýyllaryndan söz açýar. Awtor kitapda bu iki şahsyýetiň döredijiligini şahsy seljermeden, deňeşdirmeden daşda durýar. Wakalaryň çeper suratlandyrma arkaly beýan edilmegi, sözlemleriň sadadan sagdyn düzülmegi kitabyň gymmatyny artdyrýar. Mahlasy, öňem «Bagtyň gujagynda», «Owadan dünýäniň gujagynda» atly kitaplaryň awtory Ahmetberdi Mededowyň «Tapmadym», «Buýsançnama», «Beýik Pyragy» we «Yşk heseri» atly kyssadyr goşgular toplumyny öz içine alýan bu kitaby Watana, il-güne, edebiýata bolan synmaz söýgüsiniň serpaýydyr.

Türkmen kalply alym

Edebiýat — serhetleri inkär edýän görkana dünýä. Onuň içine aralaşsaň, «seniňki, meniňki» diýen düşünje aradan aýrylýar. Ýüregiňden orun alan eserler, haýsy halkyň wekiliniň döredendigine garamazdan, hemişelik «seniňkä» öwrülýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada hem şeýle buýsançly sözleri aýdyp bolar. Muny baryp XIX asyrda dürli halklaryň wekilleri bolan alymlaryň, edebiýatçylaryň Pyragynyň şygyrlarynyň yşkyna düşüp ýörmegi-de subut edýär. Şeýle alymlaryň biri hem meşhur alym-türkolog, edebiýaty öwreniji, türkmen diliniň fonetikasyny, sintaksisini we dialektologiýasyny ilkinji bolup ylmy taýdan öwrenen Aleksandr Petrowiç Poseluýewskidir. Aleksandr Poseluýewskiý 1894-nji ýylyň 1-nji maýynda Witebsk guberniýasynyň Režisk uýezdiniň Bukmuýja obasynda oba mugallymynyň maşgalasynda dünýä inýär. Geljekki alym 1914-nji ýylda Witebskde gimnaziýany, 1918-nji ýylda Lazarewiň gündogar dilleri institutyny tamamlaýar. 1918-nji ýyldan Moskwanyň Arheologiýa institutynyň Witebsk bölüminde, 1921-nji ýylda bolsa Daşkentde pars dilinden mugallymçylyk edýär. 1923-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabada gelip, Orta Aziýa demir ýolunyň magaryf bölüminde işlemek bilen, şol bir wagtda Aşgabadyň şäher bilim bölüminiň birnäçe mekdebinde dürli dillerden sapak berýär. 1926-njy ýylda ol Türkmenistan SSR Magaryf halk komissarlygynyň Döwlet Alymlar geňeşiniň milli medeniýet bölümine geň

Halypa bilen duşuşyk

Başlangyç synplarda okaýarkam, Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýewiň ogly, ussat bagşy Begmyrat Annaýew kakam Osman bagşynyň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdi. Kakam Begmyrat aga bilen gyzykly gürrüňler edip, aýdym aýdyp, saz çalyp oturardylar. Kakamyň Begmyrat halypadan birnäçe aýdymlaryň sözlerini ýazyp alany ýadymda. Kakam oňa halypalar bilen bagly sowal bererdi, halypa-da dutar çalyp oturyşyna säginip, oňa jogap bererdi. Aradan ýyllar ötdi. Goňşy obadaky bir toýa bagşy diňlemek üçin ýörite gitdim. Toýda egni gyrmyzy donly, silkme telpekli ýöräp barşyna Begmyrat bagşy bilen salamlaşdym. Bagşyň yzyndan eli dutar-gyjakly gelýän ogly hem gyjakçysy Süleýman Annaýew meni tanap: «Ýör, biz bilen, bir-iki nama aýdarsyň» diýip, elime dutary tutdurdy. Soňam: «Kaka, bu ýigide bir-iki nama aýtdyraýaly» diýip, kakasyna ýüzlendi. Begmyrat halypa-da: «Aýtsyn, diňläli» diýdi.

Altyn başly hazyna

Ekinleriň soltany Tylla Günden reňk alan dänelerTohum bolup toprak bilen gatyşdy.Ene süýdün gana emen sünbüllerEkinlere soltan bolup ýetişdi.

Halk kalbynyň aýdymçysy

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Hytaýyň Tan nesilşalygy döwrüniň nusgawy şahyry Du Funuň hem heýkeli bar. Ikinji ady Szymeý bolan Du Fu 712-nji ýylda dünýä inýär. Du Fu barada belli bolan maglumatlaryň aglabasyny onuň şygyrlaryndan alypdyrlar. Du Fu: «Şygryýet biziň maşgalamyzyň pişesi» diýer ekeni. Sebäbi onuň atasy Du Şen-ýan hem belli şahyr bolupdyr. Ol ýaşlygyndan Hytaýyň dürli ýerlerine syýahat edipdir. Şol döwürler ol meşhur şahyr Li Bo bilen tanşyp, syýahatyny bile dowam etdirýär. Şahyr dostunyň täsiri astynda «Gözeller hakda aýdym», «Güýz ýagmyrlaryny küýseýän» ýaly şygyrlaryny döredýär. 755-nji ýylda «Paýtagtdan Fensýana barýarkam kalbymda dörän bäş ýüz setir» atly meşhur şygryny ýazýar.

Atgarlawaç

Guşlar arassa asmanyň hem tebigatymyzyň ýaraşygy. şolaryň biri-de atgarlawaçlardyr. Biri-birine örän çalymdaş bolan garlawaçlar we atgarlawaçlar köp wagtyny howada geçirip, uzak aralyga uçup bilýärler. Garlawaçlaryň dünýäde 90, atgarlawaçlaryň 117 görnüşiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. «Ýazyň buşlukçysy» hasaplanýan garlawaçlar serçe şekilliler maşgalasyndan bolup, şahalara, simlere, käte ýere-de gonup, dynç alýarlar. Türkmenistanda atgarlawaçlaryň üç görnüşi duşýar. Garamtyl reňkli bu guşlar, esasan, obada, özüne amatly ýerlerde, derýalaryň jülgesindäki köwüklerde ýa-da jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýär. Atgarlawaçlaryň uçuş tizligi garlawajyňkydan has ýokary bolup, olar sagatda 160 km töweregi ýol geçýär. Olaryň dünýäde iň kiçi guş hasaplanýan kalibri atly guşa ýakynlygy barada hem maglumat bar. Atgarlawaçlar maýda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu çalasyn guşlaryň säher bilen howada sesli gaýmalaşyp ýörenini köpimiz görýändiris. Olar uzynly gün uçup, garaňky düşmänkä, höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Gün urmadan goranalyň!

Tomus paslynda adamy Günüň urmagy zähmet we dynç alyş düzgüniniň bozulan ýagdaýynda ýüze çykýar. Munuň üçin suw we iýmitlenmegiň kadalaryny dogry berjaý etmeli. Bedenimiziň teşneligini gandyrmak üçin günde 2-2,5 litr suw içmeli. Gök çaý hem teşneligi gowy gandyrýar.