Müň dürli öwüşgin, müň dürli owaz

24 Iýun 2021
931

Welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde geçirilen Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti uly şatlyk-şagalaňa beslenip, örän köpadamly boldy. Seýilgähdäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda şol gün ýaýbaňlandyrylan konsert baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berdi.

Baýramçylyk konserti Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanowyň we Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ilşat Annamämmedowyň, Annanyýaz Jepbarowyň hem-de aýdymçylar Laçyn Hudaýgulyýewanyň, Bahar Annaýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde «Alkyşnama» aýdymy bilen açyldy. Ruhubelentlik bilen başlanan konsert Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de sazandalarynyň, tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň hatarynda «Serpaý», «Galkynyş», «Ahal öwüşginleri», «Näzli» ýaly meşhur toparlar hem bar.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.