Ýeňişli ýoldaky ynamly gadamlar

23 Iýun 2021
1115

Paýtagtymyzyň Medeniýet şäherçesini bezäp oturan, Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy bilen açylan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internaty professional saz bilimli zehinleriň merkezidir. Sebäbi bu mekdep-internatynda bilim alan çagalar nusgawy aýdym-saz sungatyndan baş çykarýan zehinli sazandalar, geljekde-de türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşjak zehinli ýaşlar bolup ýetişýärler. Bu aýdylanlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde professional ýerine ýetirijilik ugry boýunça zehinli çagalary, ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, onlaýn görnüşde geçirilen halkara sungat bäsleşiginde şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýnur Otuzowanyň birinji orna mynasyp bolmagy hem doly tassyklaýar.

Sanly ugam arkaly geçirilen bu bäsleşige Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Başkortostanyň, Latwiýanyň we başga-da birnäçe goňşy döwletleriň dürli ýaşdaky aýdym-saz söýüjileri, sazandalary, hor toparlary, tans toparlary, orkestrleri wideo şekiller arkaly özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar. Aýnur Otuzowa-da bu medeni çärä 13 — 15 ýaşly çagalaryň arasynda Türkmenistan döwletimizden ýekelikde ýerine ýetirijilik ugry boýunça fortepiano hünärinden gatnaşdy hem-de «Halkara bäsleşiginiň laureaty» diýen ada eýe boldy. Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinden Aýnuryň ýeňşi barada tomusky dynç alyş döwründe gelen hoş habar ýaş sazandany täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.