Medeniýetim ösýär Arkadag bilen

23 Iýun 2021
906

Günleri ähmiýetli wakalara, ýakymly duýgulara beslenýän ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýyl bir welaýatda geçirilýän medeniýet hepdeligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Amul topragynda, döwrebap Türkmenabat şäherinde geçirilýär. Medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň bütin bir hepde dowam edýän baýramynyň açylyş dabarasy 22-nji iýunda Türkmenabatdaky Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada boldy. Ir säher bilen meýdança ýygnanan, ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen myhmanlar bu ýerde gurnalan milli gymmatlyklarymyzyň sergilerini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň göwün galkyndyryjy sözleri dabara gatnaşýanlaryň ruhubelentlik duýgularyny goşalandyrdy. Şeýle hem baýramçylyk çäresine ýygnananlar welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň medeniýet toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
ýörite habarçymyz.