Şa­han­daz­ illi türkmenim

23 Iýun 2021
908

Küý­se­gi saz, di­re­gi söz bo­lan pe­der­le­ri­miz heň­ňam­la­ra uza­jak, üs­tün­den dö­wür­ler aşyp, kö­nel­me­jek me­de­ni mi­ra­sy ne­sil­le­ri­niň kal­by­na guý­ma­gy ba­şa­ryp­dyrlar. Şa­han­daz­lyk, sa­hy­lyk, ha­lal­lyk, mert­lik, gaý­duw­syz­lyk, myh­man­sö­ýer­lik ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ýol-ýö­rel­ge edi­nen da­nyş­ment hal­ky­my­zyň ba­ran ýe­ri gür bag­lyk, ba­san ýe­ri gül­zar­lyk bo­lup­dyr. Geç­mi­şe ser sal­saň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­sin­de ýer­lik­li aý­dy­lan sö­züň, pa­ra­hat­ly­ga gö­nük­di­ri­len sa­zyň gy­ly­jyň güý­jün­den-de rüs­tem ge­len­di­gi­ni in­kär edip bol­ma­jak, kän-kän del­i­lle­riň üs­ti bi­len my­sal ge­tir­se bo­lar. Ylaý­ta-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pa­ra­hat­çylyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy», «Ile döw­let ge­ler bol­sa...» ýa­ly dür­dä­ne ki­tap­la­ry­na ýüz­le­näý­me­li.

Yk­dy­sa­dy­ýet ze­rur se­riş­de­le­ri sarp edip, me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­ýan bol­sa, me­de­ni­ýet hem öz ge­ze­gin­de köp­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ro­waç­lan­ma­gyna iter­gi berip, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­ne taý­syz gol­daw döred­ýär. Şol se­bäp­li-de ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan­da Me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» dü­züm bö­le­gi hök­mün­de ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma­lar iş ýü­zün­de öz ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri­ni ber­di. Mu­ňa my­sal hök­mün­de ýur­du­my­zyň me­de­ni ojak­la­ryn­da, to­ma­şa jaý­la­ryn­da we beý­le­ki me­de­ni-dynç alyş eda­ra­la­ryn­da hal­ky­my­za me­de­ni taý­dan hyz­mat et­me­giň hä­zir­ki za­man müm­kin­çi­lik­le­ri, kä­mil iş usul­la­ry yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ýar. Oba­lar­da we şä­her­ler­de yzy­gi­der­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýän me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň hä­zir­ki za­man aja­ýyp bi­na­la­ryn­da hü­när­men­le­riň dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri, ila­ta me­de­ni taý­dan hyz­mat et­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär.

Aý­na­bat NA­ZA­RO­WA,
«Es­ger».