Gadymy Lebapda goşa toý bu gün, sungatyň toýunda joşup dur göwün

23 Iýun 2021
901

Parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň höküm sürýän mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dabaraly bellenilýän toý-baýramlarymyzyň şowhuny al-asmana göterilýär, kalplara baky bagtyň owazy bolup dolýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşýan Medeniýet hepdeliginiň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gadymy Lebap welaýatynda dabaralanmagy halkymyzda, şol sanda, medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinde toý joşgunyny döretdi.