Goşa baýramyň dabaralary

23 Iýun 2021
841

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Kalplara joşgun berýän şeýle dabaralaryň biri hem golaýda welaýat kitaphanasynyň öňündäki toý röwüşde bezelen giň meýdançada bellenilip geçirildi. Welaýat häkimliginiň we welaýatymyzyň medeniýet müdirliginiň guran bu dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly konserti çärä gatnaşanlaryň köňül guşuny ganatlandyrdy. Mary şäheriniň görküne görk goşýan welaýat kitaphanasynyň öňündäki bezemen meýdançadaky dabara tomaşa etmäge medeniýet, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar we welaýatymyzyň ýazyjy-şahyrlary ýygnandylar.

Ýokary derejede bezelen sahnanyň iki gapdalynda taryhy tapyndylardan, amaly-haşam sungatyna degişli önümlerden guralan sergi dabara gatnaşyjylaryň şöhratly geçmişimize, şeýle hem şanly geljegimize bolan buýsanjyny artdyrdy. Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň “Altyn asyr” döredijilik, Mary şäheriniň “Margiana” halk tans, Wekilbazar etrabynyň medeniýet merkeziniň “Wekil nagmalary”, Murgap etrabynyň medeniýet merkeziniň “Diýar” tans toparlarynyň we welaýatymyzyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrmak bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.