Ruhy galkynyşyň goşa ganaty

21 Iýun 2021
929

Şu gün Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlanýar

Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky döwrebap ösüşler hem örän buýsandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda döreden baý medeni mirasyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Gadymy ruhy gymmatlyklara daýanýan milli medeniýetimiziň döwrümiziň talaplarynyň derejesinde ösýändigine hemmämiz şaýat. Şunuň bilen birlikde, halkara medeni hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da baýlaşdyrýar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda, dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň eziz Diýarymyzda geçirilmegi bagtyýarlyk döwrümizde asylly däbe öwrüldi. Medeniýet günleri, birinjiden, milli medeniýetleriň ösüşlerini açyp görkezse, ikinjiden, bu ugurda tejribeleriň alşylmagyna şertleri döredýär.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».