Terbiýäniň gözbaşy

21 Iýun 2021
1016

Nesil terbiýesi ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren urp-adatlarynyň, görüm-göreldeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz hemişe ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, halal bilen haramy saýgarmagy, zähmeti söýmegi, arassa ahlaga eýe bolmagy ýaş nesillere ündäpdirler we bu häsiýetleri öz zürýatlarynda kemala getiripdirler. Ata-enäniň görüm-göreldesine eýermek, olary hormatlamak bolsa nesil terbiýesiniň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda ýerleşdirilen ata-enäni hormatlamak bilen bagly ençeme pähimler hem şaýatlyk edýär. «Atany söýen Watany söýer», «Ärden ogul dogsa ýagşy, ata ýolun kowsa ýagşy», «Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň — könesi», «Ata razy — Hudaý razy. Ene razy — pygamber razy», «Ata dünýäsi ogla gönezlik», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Oglan — ata, gyz — enä», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň — bahasy» ýaly pähimlerde ata-enesini söýýän perzentleriň Watanyny hem söýýändigi, ýurduna wepaly, il-gününe haýyrly ynsanlar bolup ýetişýändigi aýdylýar.

Ata-enäni hormatlamak diňe bir halkymyzyň döredijiliginde däl, eýsem, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem uly orun alypdyr. Muňa mysal hökmünde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserini görkezmek bolar. Döwletmämmet Azady bu eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlarynyň 40-dan ybaratdygyny ýazyp beýan edýär.

Gurt GURBANDURDYÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.