Ak bagtdan görk alan

21 Iýun 2021
949

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Ady taryhyň sahypalaryna siňip gidýän ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat dünýäde mermer, merjen şäher hökmünde tanalyp, merdana türkmen halkynyň kalbynda ajaýyp orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda 25-nji maýda agzybir halkymyz ak mermerli eziz Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip berkidilýär. Bu ajaýyp nurana şäher her birimiz üçin mukaddesdir. Çünki gözel paýtagtymyz ýurdumyzyň täze taryhynyň, nurana geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmegiň ajaýyp nyşany bolup durýar. Mukaddes Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynyň batly depginli durmuşynda döwletimizde bolup geçýän ähli ykdysady we syýasy wakalar, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesi, döredijilik, aň-paýhas kuwwaty has doly ýüze çykýar.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.