Medeniýetiň toýy — Watanyň toýy

21 Iýun 2021
983

Çünki bütin ömrüniň dowamynda durmuş manysynyň açaryny gözläp gezen türkmen halky edep-ekram, belent adamkärçilik, medeniýet bilen maksatly menzillere ýetip bolýandygyna düşünipdir. Medeniýetiň, ylym-bilimiň ösen ýurdunyň taryhy keşbi bolsa, halkyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň subutnamasy bolup, milli gymmatlyklary bilen dünýä halklaryny özüne bendi edipdir. Halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň nusgawy derejelere ýetmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle diýýär: «Täze eýýam türkmen medeniýetiniň we sungatynyň has-da kämilleşmegini hem-de ýokary derejelere göterilmegini talap edýär». Hawa, halkyň medeniýetiniň ýokary göterilmegi ýurduň kuwwatlanmagydyr. Medeniýetiň şanyna tutulan toý tutuş milletiň, ata Watanyň mertebesidir.

Diňe bir merkezi Aziýada däl, eýsem, dünýäde iň bol suwly derýalaryň biri hasaplanýan Amyderýany ýakalap oturan Gündogar welaýatyň ady tutulsa, geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda saýrak owazy bilen göwünlere gül eken halypa aýdymçy ýadyňa düşýär. Türkmenistanyň halk artisti Roza Hudaýbergenowanyň: «Çar tarapy bagy-bossan, Lebap ilinden salam!» diýip, buýsanç bilen aýdan aýdymy. Bu bereketli topragyň ak pagtaly meýdanlary, mawy ýangyçly sähralary, tylla sary gülabylary, gujak ýetmez kädileri, uzaklardan gol bulaýan miweli baglary göz öňüňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda welaýatyň çäginde ýerleşýän Amul hem-de Hojaidat galalary barada maglumatlar getirilýär. Tutuş türkmen topragynda medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmeginde Zemmden (Kerkiden) Hindistana, Amuldan Merwe çenli uzaýan Ýüpek ýolunyň ähmiýetiniň uly bolandygy tekrarlanýar. Şeýle milli gymmatlyklaryň hatarynda Halaç etrabynda ýerleşýän, ХVIII asyrda Magtymguly Pyragynyň bilim alan Idris baba medresesi, Kerki etrabyndaky Astanababa ýadygärlikler toplumy hem bar. Welaýatyň Garabekewül şäheriniň golaýynda ýerleşýän Lamma obasynda önüp-ösen, nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň:

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil», Türkmenabat şäheri.