Türkmeniň dünýäni özgertmek sypaty ýa-da bu sypatyň milli gymmatlyklarymyzda ýüze çykyşy

21 Iýun 2021
1025

Biz hormatly Prezidentimiziň eserlerinde, şeýle-de taryhy eserleriň köpsanlysynda türkmeniň öz durmuşyny ruhy dünýäsiniň bozulmaz kanunyna laýyk ýaşap bilendigi baradaky anyk maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ine, şonuň üçin hem pederlerimiz asyrlarboýy öz durmuşynyň içki tertibine, gadymy ýörelgelerine ygrarly bolupdyrlar, dünýäniň ösüşine öz täsirini ýetirip durmagy hem başarypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ýazyşy ýaly, çöl balasy bolan türkmen dünýäniň özi üçin ýaramly nusgasyny döretdi, şol nusga görä bolsa, durmuşyň ähli öwrümlerinde — kuwwatly döwletlerden başlap, çopan külbesine çenli öz mertebäňi dolulygyna saklamak we asyl bolşunda galmak ukybyna eýe boldy. Ine, onsoň, şeýle milletden meşhur bedewleriň, nepis halylaryň, alabaý itleriň... beýleki köpsanly milli gymmatlyklarymyzyň döremegi hem-de olaryň hiç haçan ýitmeýän şöhraty tebigy bir ýagdaý hökmünde göz alnyňda dikelýär duruberýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» diýen eserinde örän aýdyňlyk bilen kesgitli aýdylan şeýle jümleler bar: «Ýaradylyşda dünýäni özgertmek ynsana edilen iň uly serpaýdyr». Diýmek, dünýäni özgertmek sypaty biziň milletimize hem örän mahsus sypat eken. Munuň şeýledigine ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň mysalynda hem anyk göz ýetirseň bolýar. Dünýä mirasyna giren milli gymmatlyklarymyza, hormatly Prezidentimiziň olara bagyşlanan eserler toplumynda aýdýan gymmatly pikirlerine salgylanyp aýdanymyzda, ahalteke bedewini, türkmen halysyny, alabaý itini, saryja goýnuny — täsinlikleriň ummanyny bize serpaý eden ata-babalarymyz durky bilen zehindigi, ylymdar hem bilimli adamlardygy bilen uly hormata mynasypdyrlar. Bu gymmatlyklaryň hersiniň milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegini düzýändigini biziň hemmämiz ykrar edýäris. Olaryň milli buýsanjymyza öwrülendigini duýmak kalbymyzy has-da ganatlandyrýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.