Aşgabat — ylham çeşmesi

21 Iýun 2021
815

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň her güni şanly wakalara beslenýär. Mähriban halkymyz şu ýyl Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şol toýly günlerde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ata Watanymyzyň ýüregidir. Ol Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny görkezýän merkezdir. Aşgabat dünýäniň ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriniň biridir. Kitapda beýan edilýän Aşgabat hakyndaky çuňňur oý-pikirler, ýerleşdirilen ajaýyp suratlar, ak şäherimiziň ösüşleri baradaky ganatly jümleler okyjyny täze bir ajaýyp dünýä atarýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.