Türkmen ili maşgala deý jem bolup Gojaman Lebapda toý tutýar bu gün

21 Iýun 2021
905

Milli medeniýetimize, sungatymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmeklik asylly däbe öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda bu baýramçylygy guramak biziň welaýatymyzyň paýyna düşdi. Ynha, bu gün gadymy Lebap topragynda uly toý, uly dabara. Türkmenabat şäherinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda Medeniýet hepdeligi badalga alýar. Indi bir hepdeläp welaýatymyzda medeniýetiň, sungatyň toýy uludan tutular, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanar. Sungat ussatlary şirin mukamlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary bilen bagtyýarlyk döwrümizde güneşli Diýarymyzda gazanylýan zähmet ýeňişlerini, il agzybirligini, jebisligi belentden wasp ederler.
Gazetimiziň şu sahypasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan gelen medeniýet we sungat işgärleriniň hepdeligiň başlanmagy mynasybetli ýürek buýsançlaryny ýerleşdirmegi makul bildik.

Gadymy gymmatlyklaryň dünýäsi