Medeniýet hepdeligine badalga berildi

21 Iýun 2021
986

Ajaýyp ösüşleri nazarlap, ýagty geljege sary öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem şeýle buýsandyryjy wakalaryň ýylyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda şu gün Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Medeniýet hepdeliginiň giň gerime eýe bolan günleriniň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem- -de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşmagy döredijilik adamlarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.