Medeniýetiň howandary Arkadag

21 Iýun 2021
908

Dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär, şan-şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlarymyzyň yzly-yzyna sepleşip gelmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk zamanasynda halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň gadymy kökleri gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bu günki gün türkmen medeniýetiniň ähli pudaklarynda-da bagtyýarlyk döwrüniň röwşen şuglasy ýalkym saçýar.

Her ýylyň 27-nji iýunynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýlip yglan edilmegi hem-de onuň Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyp gelmegi medeniýet we sungat işgärleriniň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet, sungat, edebiýat halkyň kalbydyr, milletiň bakylygydyr, bagtyýar ertirine ak ýoldur, şöhratly nesliň geljege bagt ýoludyr.