Medeniýet we sungat ruhy baýlygyň sazlaşygy

20 Iýun 2021
1188

Toýdur baýramlara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu şanly seneleriň şanyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirilýär, edebi okaýyşlar, aýdym-sazly dabaralar, şeýle hem döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar guralýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen goşalanyp toýlanylmagy türkmen halkynyň buýsanjyny we şatlygyny goşalandyrýar. Bu gün şirin dilli söz ussady, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşamagyň, döretmegiň we gurmagyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr. Milli Liderimiz: «Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr» diýip, akyldar şahyrymyza iňňän ýokary baha berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynda we beýleki eserleriniň ählisiniň içinden dana şahyrymyzyň çuň manyly setirleri eriş-argaç bolup geçýär.

Goçy ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, ýazyjy.