Dowam edip gelýär arkama-arka, Ajaýyp däbimiz — sungata sarpa

20 Iýun 2021
988

Şol gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ajaýyp sahnasynda baýramçylyk konserti dowam edýärdi. Biz öňräkdäki hatarlaryň birinde otyrdyk. Munuň özi nobatma-nobat çykyş edýän sungat ussatlarynyň, tansçylar toparlarynyň diňe bir çykyşlaryny-ha däl, eýsem, her bir hereketini-de içgin synlamaga mümkinçilik berýärdi. Şonuň üçin şol çykyşlaryň täsiri-de, berýän lezzeti-de uludy, ýatdagalyjydy.

Tansçylar toparynyň nobatdaky çykyşyna-da uly üns bilen tomaşa edendigime ähmiýet beren bolarly, ýanaşyk oturan kärdeş zenan tansçylaryň çykyşy tamamlanyp barýarka «Aýdym-sazyň, tansyň lezzetini-hä asyl siz bilýän ekeniňiz!» diýdi. Men ilki sesimi çykarman aýdanlaryny baş atmak bilen tassykladym. Çykyş tamamlanan badyna giň zala ümläp, «Sungatyň kalplary heýjana salýan, özüne bendi edýän täsirini ine, şu dowamly el çarpyşmalardan hem aňlamak bolýar ahyryn. Muňa sungatyň jadylaýjy güýji diýilýär» diýdim.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».