Medeniýetiň, sungatyň rowaçlanýan eýýamy

18 Iýun 2021
1031

Medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň şöhratly taryhynda uly üstünlikleri gazandy, belent derejelere ýetdi, umumadamzat medeniýetine mynasyp goşandyny goşdy. Şonuň üçin hem, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň ruhy-ahlak, edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanmaga, taryp etmäge, dünýä ýaýmaga mynasypdyr.

Dünýäniň syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriniň, medeniýeti we sungaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýän medeniýetimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşlere beslenýär. Pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, milli medeniýetimize we sungatymyza hormat goýmakda Gahryman Arkadagymyz halkymyza nusgalyk görelde görkezýär.

Annanyýaz TÄÇGELDIÝEWA,
Hazar şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň direktory.