Mugam diňläli, gardaş!

18 Iýun 2021
828

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan)

Azerbaýjanyň umumy meýdanynyň ýarpysyna golaýyny daglar tutýar. Demirgazykda Kawkaz gerşi, orta çäkde Kura-Araks çöketligi, günorta-gündogarda Talyş beýikligi Lenkoran pesligine sepleşip gidýär, günbatary Ermeni daglygyna ulaşýar. Iň beýik Guton gerşiniň depesi 3648 metre ýetýär. Kawkaz gerişlerinden uzalyp gaýdýan ol daglar soňra Kura — Araks düzlügine sapýar. Ýurduň günorta-gündogaryndaky Talyş daglary hem diýseň hasylly Lenkoran çöketligi bilen sepleşýär. Lenkoran düzlüginiň yssydan çygly subtropik howasy ekinleriň köp görnüşi üçin diýseň ýaramlydyr. Şeýle bolansoň, Bakuwyň bazarlarynda gujak ýaly ala garpyzlarydyr süýnmekden sarymtyl gawunlary, hersi goşaýumruk ýaly mämişi reňk pomidorlarydyr göm-gökje hyýarlary, salkym-salkym üzümleri görüp, gözüň dokunýar. Bu ýurt narlaryň dürli görnüşleriniň watany hökmünde hem bellidir.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.