Sungatym bar, sarpam bar

18 Iýun 2021
879

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi, medeniýet we sungat ussatlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegi üçin zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýändigini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.

Halkymyzyň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guraly hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 28-nji ýanwarynda medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda syýasy özgertmeleri geçirmekde ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Ýurdumyzyň ýeten derejesini, şol sanda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini, durmuşa geçirilýän we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän durmuş syýasatynyň amala aşyrylyşyny wasp etmekde, şeýle hem türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde medeniýet işgärleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Gülnara RAHIMOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Edebiýatlary toplamak we işlemek bölüminiň kitaphanaçysy.