Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri

18 Iýun 2021
1157

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa, ýygyn erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
* * *
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy.
* * *
Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar,
Dergähler açylar çagdyr bu çaglar.
Rehmete duş gelse bu wagt erenler,
Hak nury saçylar çagdyr bu çaglar.
* * *
Ile döwlet geler bolsa,
Bagşy bilen ozan geler.
* * *
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.