Öçmejek ýyldyz

17 Iýun 2021
997

Bu toprakda akyldar danalaryň, ýazyjydyr şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň ençemesi dünýä inipdir. Biziň söhbedini edýän meşhur şahsyýetlerimiziň biri hem ussat opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewdir.

Şu ýyl doglan gününe 100 ýyl dolýan Ýolaman Hummaýew ýurdumyzyň opera sungatynyň düýbüni tutmaga gatnaşan Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Alty Garlyýew, Annagül Annakulyýewa, Hydyr Allanurow ýaly ussatlar bilen birlikde bu gün sylag-hormat edip ýatlanylýar.

Ýazmyrat ORAZALYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.