Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň medeni mirasyny, onuň ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak işine uly üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda ýerine ýetirilip gelnen, kämillige ýeten däp-dessurlarymyz häzirki wagtda täzeden işlenilip, zamanabap röwüş tapýar.
Halkyň ruhy-döredijiliginiň bir ýere gönükdirilmeginde, raýat jemgyýetiniň jebisleşmeginde medeniýetiň aýgytly güýji hem-de orny bardyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde bellemäge giň ýol açdy. Halkymyzda bu senä aýratyn ähmiýet berilýär. Medeniýet we sungat işgärleri bolsa, ajaýyp senä täze döredijilik çykyşlary bilen barmagy asylly däbe öwürdiler.