Çaga — ömrüň dowamy

31 Maý 2021
1136

Berkarar döwletimizde geljegimiz bolan çagalara milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap terbiýe, bilim berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Baldan süýji balalarymyz iň häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar.

Halkymyzda «Çaga — ömrüň dowamy» diýen pähim bar. Şonuň üçinem ata Watanymyzda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Terbiýäniň ilkinji basgançagy maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda terbiýäniň binýady berk tutulýar. Ol körpelerde bilim almaga bolan höwesiň, geljege bolan ynamyň, ymtylyşyň döremegine oňaýly şert döredýär. Şondan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ýykgyn edýän ugruny, höwesini, hyjuwyny belli bir ugra gönükdirip, hat-sowat öwretmek, döwrebap edep-terbiýe bermek, ak mekdebe ýola salmak, ýaşajyk şahsyýetde özüne bolan ynam döretmek terbiýeçileriň paýyna düşýär. 

Altyn BAÝRAMDURDYÝEW,
Serdar etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.