Ajaýyp sungatyň waspy

31 Maý 2021
1072

Berkarar ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän işgärler  gatnaşdylar. Onda çykyş edenler çeper elli halyçylarymyzy ajaýyp baýramçylyk bilen gutladylar. Türkmen halysynyň şan-şöhraty, ajaýyplygy barada aýratyn nygtamak bilen, nesilden-nesle geçip gelen türkmen halysyna bolan söýgini artdyrmakda, ýaşlarymyzda halyçylyk sungatyna bolan buýsanjy döretmekde eziz Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserleriň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmeniň halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine gönükdirilen nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylaryna jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Nabat TÄZEMYRADOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».