Durmuşymyzyň gül-gunçalary

31 Maý 2021
1038

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň edepli, terbiýeli, ylym-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Ol işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi zady ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigi aýdylýar. Şolaryň biri hem täze dünýä inen çagadyr. Bütin barlygy, dünýäni ýagtyldýan, ýyladýan nurly Gün bolsa, ynsanyň kalbyny, ömrüni ýagtyldýan, ýyladýan çyrag çagadyr. Çaga öýümiziň, ömrümiziň güneşi. Çaga — durmuşymyzyň ajaýyp güli. Çaga — guwanjymyz, ynsanyň bagty, onuň geljegi, dowamaty. Olaryň şadyýan, gyzykly dünýäsi göwünlerimize we kalbymyza ýakym, nuranalyk çaýýar. Ata-ene üçin perzendiniň il-güne gerekli bolup ýetişenini görmek bagtyň belentligidir.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş» žurnalynyň baş redaktory.