Sungat joşýar Arkadagyň ýurdunda

31 Maý 2021
970

Binýady berkden tutulan Berkarar döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew bady bilen günsaýyn öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda halkymyzyň her güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Mähriban halkymyzyň baý milli we medeni mirasyny, aýdym-saz sungatyny, ýurdumyzyň hoşniýetli we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny wasp etmek, geljekki nesillere ýetirmek medeniýet we sungat işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna giňden taýýarlyk görýärler. Obadyr şäherlerimizde şanly Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar zamanamyzy, ak mermere beslenen paýtagtymyzy wasp edýän aýdym-sazlar, folklor, tans çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Mahlasy, şanly senelere bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Ýaňy-ýakynda hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde gurlup, ulanylmaga berlen Garlyk şäherçesiniň döwrebap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda etrabymyzyň döredijilik toparlarynyň ýubileý ýylymyz mynasybetli taýýarlan aýdym-sazlary ýaňlandy, tans, folklor çykyşlary görkezildi. Çäre mahalynda etrap häkimliginiň wekilleri, medeniýet işgärleri çykyş etmek bilen, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Azatbek SAÝINOW,
Köýtendag etrap medeniýet bölüminiň iş dolandyryjysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.