Aýdymly dünýä

28 Maý 2021
1129

Gaýtalanmajak täsin pursatlar ynsan hakydasynda hemişelik galýar. Çagalygymdan hoş owazly aýdymlaryna maýyl bolup ulalamsoň, mende «Türkmeniň saýrak bilbili» adyna eýe bolan Medeniýet Şahberdiýewany ýakyndan görmek, gürleşmek arzuwy bardy. Şol arzuwymyň hasyl bolup, belent sesli opera ussady bilen görşüp, söhbetdeş bolmagym ömrümde ýatdan çykmajak bagtly wakalaryň biri boldy.

Bir gün ussat aýdymçyny görmek arzuwy bilen onuň işleýän ýeri — Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna bardym. Halypa talyp ýaşlara sapak berýän eken. Men onuň iş otagynyň öňünde birnäçe minut garaşmaly boldum. Ahyry arakesme wagty boldy, özi-de meniň nesibäme uzak arakesme.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.