«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

28 Maý 2021
1399

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» kinoteatrynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan geçirilen «Aşgabat bahary» atly kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Maý aýynyň 10-yndan 23-i aralygynda geçirilen kinofestiwala 33 sany gysga göwrümli çeper film hödürlenildi. Olardan has gowulary eminler toparynyň, şeýle-de tomaşaçylaryň baha bermeginde ýeňiji diýlip yglan edildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň taýýarlan «Meniň kakam» atly filmi kinofestiwalyň baş baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de, kinofestiwalyň iň gowy kinossenariýa baýragyna Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby Jumanepes Çaryýewiň «Watanym şöhratym, şanym Aşgabat!» atly filmi, iň gowy şekil döreden erkek keşbine Türkmen döwlet Gurjak

teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan «Baky juwan Aşgabat!» atly filminiň baş gahrymany Isgender Rejepow, tomaşaçylar tarapyndan saýlanan filme Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň hödürlän «Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!» atly filmi, iň gowy şekil döreden zenan keşbine «Meniň kakam» atly filminiň baş gahrymany Enaý Eýeberdiýewa, iň gowy kinooperatoryň işine «Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar» atly filmiň operatory Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Hanjar Sopyýew, iň gowy kinorežissýor baýragyna Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň işgäri Batyr Batyrow mynasyp boldy. Kinofestiwalyň ýeňijilerine hem-de höweslendiriji baýraga mynasyp bolanlara Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.