Aşgabadyň belent waspy mukamdyr

28 Maý 2021
1124

Aşgabat şäheriniň döredileni bäri ony hemmetaraplaýyn çeper wasp edýän goşgular we aýdymlar türkmen kompozitorlary we şahyrlary tarapyndan dowamly döredilýär. Ilkinji bolup Aşgabat hakynda aýdymy ussat kompozitor Daňatar Öwezow 1934-nji ýylda şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna ýazýar. Soňra 1936-njy ýylda ussat kompozitor Aşyr Kulyýewiň hem-de Garaja Burunowyň döredijilik gatnaşygynyň esasynda «Aşgabat — Moskwa» atly romans peýda bolýar. Şol döwürden başlap, gözel paýtagtymyza bagyşlanyp ýazylan aýdymdyr romanslaryň sany has-da artýar. Şeýlelikde, Aşgabat baradaky aýdymlary belli kompozitorlar Gurban Kulyýew (J.Mämmedowanyň goşgusyna), Nury Muhadow (M.Myşşyýewiň goşgusyna), Çary Nurymow (A.Kowusowyň goşgusyna), Aman Agajykow (A.Ýusubowanyň goşgularyna), Rejep Gutlyýew (Ý.Hommadowyň goşgusyna) ýazýarlar. Aşgabady wasp edip, kompozitor Weli Muhadow «Aşyklaryň şäheri» diýen ajaýyp romansyny döredýär.

Gülşat KADYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.